Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda tomusky dynç alyş lagerleri üçin 300 manat tölän mekdep okuwçylary ekin meýdanlarynda işlemäge, ýeralma ýygmaga mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.
"Darganatanyň tas ähli mekdebiniň 3-9 synp aralygyndaky okuwçylary tomusky lager üçin mekdebe baranda, garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldular. Mekdep ýolbaşçylary, şol sanda 25-nji mekdebiň bilim işgärleri olary dynç alyş lageri hökmünde ekin meýdanlarynda gowaça otaglaryna, ýagny ösümlikleriň düýbüni ýumşadyp, olary haşal otlardan arassalamak we ýeralma, kartoşka ýygnamak işlerine gatnaşdyrýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 11-nji iýunda gürrüň berdi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde adatça iýun-awgust aýlarynda okuwçylaryň tomusky dynç alyş lagerleri gurnalýar. Munuň çäginde okuwçylar bilen goşmaça sapaklar geçirilip, olaryň sirklere, teatrlere, haýwanat baglaryna we şuňa meňzeş ýerlere gezelençleri gurnalýar.
Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan darganataly ene-atalaryň we okuwçylaryň sözüne görä, bu "tomusky dynç alyş lagerleri" üçin olaryň her biri mekdep ýolbaşçylaryna 300 manat tabşyrypdyr. Ýöne bu pul serişdesi mekdebi abatlamak işlerine sarp edilipdir.
"Biz bu puly çagalarymyzyň 20 günläp mekdepde wagtlaryny peýdaly geçirmegi, dynç almaklary we günde iki gezek naharlanmaklary üçin berdik. Ýöne mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar bu puly gurluşyk harytlaryny satyn almaga sarp edendiklerini aýtdylar" diýip, ene-atalaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.
Mekdep ýolbaşçylary indi ençeme gün bäri mejbury oba hojalyk işleriniň çäginde işledilýän okuwçylary öýlänlik nahary we suw bilen üpjün etmeýärler.
"Okuwçylary irden sagat 08:30-da ýygnaýarlar we öýlän sagat 15:00-da goýberýärler. Çagalar ene-atalaryna aç ýagdaýda işledilýändiginden şikaýat edýärler. Olar öýlerinden 1 litr suw we käbir azyk önümlerini alyp gidýärler. Ýöne howanyň temperaturasy 40 gradusdan geçýän şu günlerde bu suwlar gyzyp, içer ýaly bolmaýar. Rehmi gelen kärendeçiler öýlerinden arassa suw getirip, çagalara berýärler" diýip, habarçy belledi.
Onuň sözüne görä, ene-atalaryň aglabasy ertirki gün çagalaryna pes baha goýulmagyndan we kemsitmelere sezewar edilmeginden alada edip, bu ýagdaýa sesini çykarmaýarlar.
Mekdep ýolbaşçylary ene-atalara okuwçylaryň 1-nji iýula çenli, ýagny ýeralma hasylyny ýygmak işleri doly tamamlanýança işlediljekdigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň bu aýdylan ýagdaýlar barada Darganata etrap we Lebap welaýat häkimliklerinden, şeýle-de gürrüňi edilýän mekdeplerden kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.
Bu maglumat Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede guramalaşdyrmak barada beren tabşyrygynyň we Lebap welaýatyndaky ýeralma meýdanlaryna baryp görmeginiň yzýanyna gabat geldi.
Şu ýyl türkmen prezidenti ýurtda öndürilýän pagta planyny we ýeralmanyň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlaryny artdyrmak barada hem görkezme berdi.
Türkmenistanyň kanunçylygynda mejbury zähmet we çaga zähmeti gadagan edilýär. Muňa garamazdan, Türkmenistan halkara guramalary tarapyndan pagta hasylyny ýygmak üçin mejbury zähmeti ulanmakda we okuwçylara okuw bilen meşgullanmak mümkinçiliginiň berilmezliginde indi ençeme ýyl bäri tankyt edilýär.
Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler ýurduň dürli sebitlerinde pagta ýygymyna okuwçylaryň, esgerleriň we býujet işgärleriniň mejbury çekilýändigini habar beripdiler.
Darganatada okuwçylaryň ýerlama ýygmaga mejbur edilýändigi baradaky habarlar, türkmen hökümetiniň bu oba-hojalyk hasylyny ýygmakda-da çaga zähmetinden peýdalanýandygyna çalym edýär.
Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigini" tekrarlaýarlar.