Türkmenistanda berk çäreler girizildi, ýöne COVID-19 ykrar edilmedi

Aşgabat, 13-nji iýul, 2020

Türkmenistanda paýtagtyň we welaýatlaryň arasydaky demirýol gatnawy togtadyldy, uçarly ýolagçy gatnawy cäklendirildi. Maskalaryň giňden geýilmegi hökman edildi. COVID-19 keseliniň alamatlary bolan keselçiligiň ýaýramagy dowam edýär. Koronawirusyň bardygyny resmi taýdan inkär etmegini dowam etdirýän ýurduň metbugaty bolsa görülýän çäreleri ilatyň saglygyny "hapalanan howadan goramak" maksady bilen düşündirýär.

Resmi taýdan Türkmenistanda henizem COVID-19 ýok. Şol bir wagtyň özünde ýurtda koronawirus alamatlary bolan ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagy dowam edýär. Azatlygyň habarçylary we garaşsyz habar beriş serişdeleri dem alyş hassalygy bilen kesellänler, şol sanda ölüm hadysalary barada yzygiderli habar berýärler. Olar hassalarda COVID-19 keseliniň anyklanýandygyny, ýöne munuň resmi taýdan mälim edilmeýändigini belleýärler.

"Obalarymyzda ölýänler köp. Her gün birnäçe adam ölýär. Şu gün üç adam ýogaldy. Olar 25 ýaşdan 55 ýaş aralygyndady. Adamlar gorkýarlar, köpüsi hatda jaýlanyş çäresine-de gitmeýärler. Hiç ýere gidenoklar, gulplanyp otyrlar, koronawirusdyr öýdýärler" diýip, Mary welaýatyndaky habarçymyz 14-nji iýulda aýtdy. Onuň sözlerine görä, ölenler plastik paketlerde jaýlanýar, merhumlaryň jesetlerini ýuwmaga rugsat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksatly agzalan obalaryň we adamlaryň atlaryny, şeýle-de bolan wakalaryň käbir jikme-jikliklerini agzamakdan saklanýar.

Degişli maglumat Saglyk ministrligi ahyrsoňy ilata ýüz maskalaryny geýmegi we sosial aralygy saklamagy maslahat berýär

Bu aralykda Aşgabatdaky habarçylarymyz koronawirusdan ýogalanlar barada ýene habar berýärler.

“Bagtyýarlyk etrabynda Köşide ölýänler köpelensoň, ýaşulular ylalaşyp, merhumyň diňe ýakyn garyndaşlarynyň we dostlarynyň gatnaşmagynda ýas tutulmagy barada karara geldiler. Adamlaryň köp sanly ýygnanyşygy koronawirusyň ýaýramagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da, uly üýşmeleňler köp çykdajylara sebäp bolýar. Indi ýurduň ykdysady krizisi, işsizlik, ilatyň şeýle çykdajy etmegine mümkinçilik bermeýär "-diýip, Azatlygyň habarçysy 14-nji iýulda Aşgabatdan habar berdi.

Häkimiýetler ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürüp, pnewmoniýanyň ýaýramagy we koronawirus alamatly keselden ölýänleriň köpelmegi barada hiç hili düşündiriş bermeýärler. Emma bu aralykda ýurtda COVID-19 häsiýetli alamatlary bolan näsaglaryň köpelmegi sebäpli birnäçe saglyk edaralarynda karantin döredildi. Paýtagtda ofis jaýlary hem karantine öwrüldi. Döwlet işgärleriniň arasynda karantinlerde işlemek üçin işgärler alynýar.

"Karantinde işleýänleriň arasynda döwlet edaralarynyň işgärleri hem bar, olaryň ýolbaşçylaryna bolup geçýän wakalary aýan etmezlik, beýlekileriň howsala düşmezligi üçin işgäriň dynç alýandygyny aýtmak tabşyryldy" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 13-nji iýulda aýtdy.

13-nji iýulda welaýatlaryň arasyndaky transport aragatnaşygy togtadyldy.

"Welaýatlar bilen demirýol aragatnaşygy togtadyldy, indikisi uçar gatnawynyň kesilmegi yglan edilip bilner, olar Aşgabadyň ýolagçy gatnawlarynyň sebitler bilen doly ýapylmagy barada gürleşýärler, diňe azyk we senagat ýükleri daşalar" diýip, Azatlygyň habarçysy resmi çeşmelerine salgylanyp, 13-nji iýulda habar berdi.

Degişli maglumat Marydaky wirus dermanlary Aşgabada iberilýär. Lebapda hassalaryň sany köpelýär

Şol gün agşam, Aşgabatdaky habarçylar Daşoguzyň ýaşaýjylarynyň öýlerine gaýdyp bilmekleri üçin Aşgabatdan Daşoguza goşmaça otly berlendigini habar berdiler. Şol bir wagtyň özünde Daşoguzdan Aşgabada gök önüm alyp baran ýük awtoulaglaryna şähere girmäge rugsat berilmändir.

14-nji iýulda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy paýtagt bilen welaýatlaryň arasyndaky uçar gatnawy barada käbir maglumatlary anyklady. Türkmenabatdaky aeroportuň işgärleriniň sözlerine görä, 15-nji iýuldan başlap Türkmenabatdan Aşgabat şäherine her hepdede 1 ýa-da 2 gezek uçar gatnatmak planlaşdyrylýar.

Ýurduň hemme ýerinde bazarlar we söwda merkezleri ýapylýar.

"Marynyň täze bazary hem ýapyldy. Satyjylar nägile, adamlar gaharlanýar. Dükanlar möhürlenýär, bazara hiç kim goýberilmeýär. Garyp söwdagärler howlukmaç harytlaryny çykarýarlar. Diňe azyk dükanlarynyň işlemegine rugsat berýärler. Ilatyň arasynda howsala bar, adamlar mümkin boldugyça azyk satyn alýarlar, ätiýaçlyk etmäge synanyşýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Onuň sözlerine görä, iň köp talap edilýän harytlaryň biri maskalar, emma olar hemmelere elýeterli däl. Maryda bir maskanyň bahasy 17 manada ýetýär.

Türkmen häkimiýetleriniň girizýän täze talaplary bilen birlikde ýurtda ilatyň arasynda nägilelik artýar.

"Fewral aýynda koronawirus epidemiýasy başlanda, adamlara maska geýmäge rugsat berilen bolsa, olary şonda kowalap, jerime salyp, 15 gün tussag etmedik bolsalar, indi reanimasiýa bölümlerinde şeýle basa-baslyk bolmazdy. Adamlar ölmezdi. Ilatyň öňünde jogapkärçilikli bolmak gerek" - diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Indi Türkmenistanyň ilaty maska geýmäge we 1-2 metrlik aralygy saklamaga borçly. Maskasy bolmadyk adamlara jerime salynýar.

13-nji iýuldan başlap ýurtda maska dakynmak düzgüni girizildi. Şol günüň dowamynda köpçülik ýerlerinde polisiýa we harby işgärler ilata maska geýmegiň zerurlygy barada duýduryş berdiler.

Ýurduň hökümetçi onlaýn neşirlerinde ýurtda maska režiminiň girizilmegi we ilatyň bu barada habarly edilmegi hakynda maglumatlar peýda boldy.

Polisiýa işgärleri gorag maskalary bolmadyk raýatlary köçelerde duruzýarlar we olaryň ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin öýleriniň daşynda maska geýmelidigini sypaýyçylyk bilen ýatladýarlar diýip, "Orient" neşri 13-nji iýulda habar berdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, 14-nji iýuldan başlap, maskasy bolmadyk adamlara 100 manat möçberinde jerime salmak göz öňünde tutulýar.

Şol gün irden köçelerde we ýollarda pyýadalara we ulaglara gözegçilik edilýär.

14-nji iýulda Azatlygyň habarçylary Aşgabatdan we Lebapdan şeýle habar berdiler:

Ulanylan maska, Aşgabat, 14-nji iýul, 2020

- Polisiýa awtobuslary saklaýar we ýolagçylarda maskalaryň bardygyny barlaýar, şeýle hem sürüjilere ulaga maskasyz adamlary salmazlygy berk tabşyrýar.

- Irden etrabymyzda, ýoluň duralgasynyň golaýynda bir harby adam maskalaryň bardygyna gözegçilik edýärdi we barlaýardy. Ulanylan maskalar bolsa, eýýäm zibil bolup gapdalda ýatyr.

Ulanylan maska, Aşgabat, 14-nji iýul, 2020

- Farapda dermanhanalarda maska ýok. Maskalary esasan döwlet işgärleri we polisiýa geýýärler. Käbirleri 7 günläp şol bir maskany geýip ýörýärler. Bir polisiýa işgäriniň maskasy ýyrtylyp gidipdir. Ol günde 10 sagat işleýändigini we günde bäş gezek bolmalysy ýaly maskany çalyşyp bilmejekdigini aýdýar. Munuň üçin günde oňa 50 manat gerek bolýar. Etrap dermanhanasy 3 manatdan maska satýar, ýöne nobat 1000 adamdan ybarat. Şeýle nobatda maska satyn almak däl, kesel ýokaşmagy has ähtimal.

Ýurtda koronawirusyň döremek ähtimallygyny inkär edýän Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri bu keseliň adyny hem köplenç agzamaýarlar. Dünýädäki ýagdaýlar barada habar berýän hökümetçi metbugat neşirleri, ýurduň içinde görülýän çäreler barada maglumat berende, olary öňüni alyş işler hökmünde häsiýetlendirýär, şeýle-de maska geýmek düzgünini raýatlaryň saglygyny "tozan bölejiklerinden" goramak aladasy bilen düşündirýär. Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrligi soňky günlerde howada şeýle "tozan bölejikleriniň kadadan 21% ýokary" bolandygyny öňe sürýär.

Şeýle-de bolsa, hökümetçi "Orient" neşiri ýurtda maskalary hökmany geýmek çäreleriniň "koronawirusyň howa arkaly tozan bölejikleri bilen ýokaşmagyň" mümkinçiligini aradan aýyrmaýar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň koronawirus pandemiýasy şertlerinde ykdysady işlerini geçirmek boýunça hem haklara tejribelerini öwrenip başlady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça regional edarasy (FAO) azyk senagatynda söwda amallaryny guramak, global epidemiologiki ýagdaýda oba hojalyk önümlerini satmak we satyn almak boýunça türkmen bilermenleri üçin onlaýn maslahatlary geçirip başlady.

BSG-niň COVID-19 boýunça missiýasynyň 6-njy iýuldan bäri Türkmenistana edýän sapary soňlap barýar. Halkara bilermenleri 15-nji iýulda Aşgabatda COVID-19 boýunça missiýasynyň deslapky netijeleri barada metbugat konferensiýasy geçirerler.

Degişli maglumat BSG-niň wekillerine Türkmenabadyň keselhanalary görkezildi, Aşgabatda öýken çişmesi köpelýär

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.