COVID-19 keseli bilen kesellänleriň hasaba alynmandygyny resmi taýdan aýdýan Türkmenistanda koronawirusyň simptomlary bilen keselhana düşýän adamlar köpelýär. Bu ýagdaýda Aşgabadyň hassahanalarynda ýokanç keseller bölümleri giňeldilýär, Daşoguzda hassahanalar hassalardan boşadylýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň 1-nji iýulda beren habaryna görä, Aşgabatdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhanada ýokanç keseller bilen kesellänler üçin blok açylypdyr.
Häzirki wagtda ýurtda ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagy dowam edýär we hassahanalarda COVID-19 alamatlary bolan näsaglaryň sany köpelýär. Paýtagtda gyzgyny ýokary we dem alyş problemalary bolan näsaglar Aşgabadyň çetindäki Çoganlyda ýerleşýän ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça merkeze iberilýär. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, koronawirusyň bolmagy güman edilýän hassalar üçin döredilen bu ýerdäki karantinde berk çäreler görülýär, lukmanlar gorag kostýumlarynda işleýär, işgärler daşarky aragatnaşyklardan üzňeleşdirilýär.
Bu aralykda ýurduň demirgazygynda, Daşoguzda welaýat we etrap keselhanalary hassalardan boşadylýar.
“Esasy hassahanalar boşadyldy, hatda agyr keselli, planlaşdyrylan bejergi alýan we hroniki näsaglar öýlerine goýberildi, olara öýlerinde bejergini dowam etdirmek maslahat berildi. Käbir lukmanlaryň pikiriçe, olar koronawirus epidemiýasyna taýýarlanýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji iýulda aýtdy.
Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri mundan ozal Daşoguz şäherine baryp gaýdanlaryň arasynda koronawirus alamatlary bilen kesellän näsaglaryň köp bolandygyny habar berdiler. Bu bolsa regionda epidemiýanyň ýüze çykan bolmagynyň ähtimaldygyny görkezýär. Daşoguzyň ýolbaşçylary we Türkmenistanyň häkimiýetleri regionda we tutuş ýurtda dowam edýän keselçiligi ykrar etmeýärler we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryny kommentirlemeýärler.
Häkimiýetler COVID-19 bolmagynyň ähtimallygyny resmi taýdan ykrar etmeseler-de, ýurtda käbir öňüni alyş çäreleri güýçlendirdiler.
Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi ýurtda ýiti öýken infeksiýasyna sezewar bolan näsaglar üçin anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň üýtgedilen görnüşini tassyklady. 17-nji iýunda çap bolan bu resminamanyň teksti Azatlyk Radiosyna elýeterli boldy.
Şeýle-de, häzirki wagtda ilata wirusa garşy dermanlaryň guramaçylykly tertipde paýlanmagyny dowam etdirýär we köpçülik ýerlerinde dezinfeksiýa güýçlenýär. Wirusa garşy serişde hökmünde, ozalky döwürlerde ulanylan we peýdasy subut edilmedik, “Rimantadin” dermany paýlanýar. Öndüriji tarapyndan 30 tabletkanyň ulanylmagy göz öňünde tutulýan bu derman her adam başyna 7-10 tabletkadan mugtuna paýlanýar.
Häzirki wagtda döwlet edaralaryna we bazarlara barýanlardan ellerini antiseptik bilen arassalamagy talap edilýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bazarlarda geçirilýän dezinfeksiýa barada şeýle gürrüň berdi.
"Bazarlara barýanlaryň ellerine tas zor bilen antiseptik sepmek bilen çäklenmän, bokurdaga haýsydyr bir spreý dermanyny hem sepýärler. Şeýle hem aýratyn bir ýerde “Rimantadin” tabletkalaryny paýlaýarlar, şol ýerde sanitar we lukman bar"- diýip habarçymyz hususan-da Jennet bazaryndaky ýagdaýy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý şu gün hem dowam edýär, dezinfeksiýa etmekden ýüz öwrenlere bazara girmäge rugsat berilmeýär.
Öňki gezek, COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri maý aýynyň başynda güýçlendirilip, BSG-niň Türkmenistanda koronawirusyň ýagdaýyny görmek üçin sapar etjegini yglan etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Şonda türkmen häkimiýetleri wirusa garşy serişde hökmünde ilatdan oksolin mazyny ulanmagy talap edipdi.
Şu günler dezinfeksiýanyň güýçlendirilmegi we hassahanalaryň boşadylmagy bilen bagy ýagaýyň ýurtdaky ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagyna garşy durmak bilen baglanyşyklymy ýa-da Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 boýunça bilermenleriniň ýurda etjek saparyna taýýarlyk bilen baglymy belli däl.
BSG-niň COVID-19 boýunça bilermenleriniň iýul aýynyň başynda boljagy aýdylan sapary ýurtdaky hakyky ýagdaýy aýdyňlaşdyryp biler diýlip garaşylýar. Köpden bäri garaşylýan bu saparyň iýulyň başynda boljagyny aýdan türkmen resmileri takyk senesini mälim etmediler.
Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropadaky regional býurosynyň müdiri Hans Kluge COVID-19 boýunça bilermenleriniň Täjigistana we Türkmenistana boljak sapary barada 23-nji aprelde yglan edipdi. Missiýanyň Täjigistana sapary dessine başa bardy. Uzak wagtlap öz çäginde COVID-19 keselini inkär eden Täjigistan 30-njy aprelde, halkara bilermenleriniň ýurda barmagynyň öňýany boýun aldy we ýurtda COVID-19-dan ölenleriň anyklanan sany gysga wagtda Merkezi Aziýa regionynda birinji ýere çykdy.
Şonda Türkmenistan koronawirus boýunça halkara bilermenleriniň sapary baradaky habara gurama bilen gepleşiklerini ýygjamlaşdyrmak we ýurtdaky karantin zolaklaryny ýok etmek bilen reaksiýa görkezdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeleriň birnäçesi ýurduň ýolbaşçylarynyň COVID-19 ýokaşmagy bilen baglanyşykly käbir hadysalary ykrar etmekçi bolýandygyny aýdýarlar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri COVID-19 alamatlary bolan näsaglarda bu keseliň anyklanmagyna degişli azyndan onlarça anyk hadysa barada habar berdiler. Näsaglaryň arasynda medisina işgärleri hem bar, ýogalanlar hem boldy.
Azatlyk Radiosy türkmen resmilerinden, şol sanda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginden resmi düşündiriş alyp bilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.