Daşoguzly pileçiler arçynlaryň 'künjara, kepek' wadasy bilen aldandyklaryny aýdýarlar

Tut ýapragyny iýýän ýüpek gurçuklary

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi ýerli daýhanlaryň aldawa salnyp, ýalan wada bilenpile gurçuklaryny idetmäge, ýagny getirjek girdejisi çekilen zähmete degmeýän iş bilen meşgullanmaga mejbur edilendigini habar berýär.

“Daşoguzda häzir ýüpek gurçugyny idetmek, günedelik tut ýapraklaryny ýygyp, gurçuk naharlamak işleri dowam edýär, ýöne daýhanlar özleriniň gurçuk tohumlaryny alyp, aldawa düşendiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlygyň çeşmesi 20-nji maýda habar berdi.

Azatlyk radiosy aprel aýynda Mary welaýatynda "ýüpekçileri höweslendirmek üçin kepek söwdasynyň togtadylandygyny" habar beripdi. Emma türkmen häkimiýetleri bu hili maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Öňki ýyllaryň tejribesinden mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda ýüpek gurçugyny idedip, pile hasylyny almak barha kynlaşdy we daýhanlar bu işe ýyl-ýyldan höwessiz bolýarlar; munuň bir sebäbi ýurtda tut agaçlarynyň ýeterlik bolmazlygy, tut ýapragynyň ýetmezçiligi bilen bagly bolsa, ikinji sebäbi piläniň döwlet tarapyndan satyn alyş nyrhlarynyň pesligi, goşmaça höweslendirmeleriň bolmazlygy bilen bagly.

Üstesine, ýüpek gurçugyny saklamak, idetmek üçin ýörite jaýlar hem gerek. Bu ýagdaýlaryň ählisi birigip, ýüpek gurçugyny idetmek isleýän daýhanlaryň ýyl-ýyldan azalmagyna alyp gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, daýhanlaryň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýatynyň oba arçynlary bu ýyl daýhanlara, eger idetmek üçin bir guty gurçuk tohumyny alsalar, öz bahasyndan 200 kg künjara we 200 kg kepek bermegi wada berdiler.

Ýöne bu wadanyň soňy boş çykjaga meňzeýär. Sebäbi bir guty gurçuk tohumyny alan we ýüpek gurçugyny idedýän daýhanlar özlerine düşýän künjarany, kepegi sorap baranlarynda, arçynlyklardan “beýle zat ýok, idetseňiz döwletiň ýüpek gurçugyny idedýärsiňiz” diýen jogaby aldylar.

“Mende size berer ýaly künjara ýok, öz mallaryma hem iým tapamok” diýip, arçyn biziň ýüzümi aldy diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Şamahy daýhan birleşiginde ýaşaýan daýhanlaryň birnäçesi Azatlyk radiosynyň çeşmesi bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şeýle-de daýhanlar kärende ýeri bolan adamlaryň ählisine bir gutudan gurçuk tohumynyň paýlanandygyny, ýöne daýhan birleşikleriniň köpüsinde gurçuk saklap, pile ýetişdirýän daýhanlaryň sanynyň köp bolanda on-on iki hojalykdan geçmeýändigini gürrüň berdiler.

“Galan hojalyklar alan gurçuk tohumyny şol günüň özünde ýere gömýär ýa-da oda atýar we soňundan arçyna 150 manat para berip, ‘maňa azar berme, harman wagtynda şu pula meniň hem pile planymy özüň doldur’ diýýärler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran daşoguzly daýhan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý Daşoguz welaýatynyň tas ähli ýerinde diýen ýaly bar.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan oba hojalyk işgäri Türkmenistanda daýhanlara paýlanyp berilýän gurçuk tohumlarynyň Hytaýdan altyn pula satyn alynýandygyny, emma onuň 90 prosentine golaýynyň ýok edilýändigini aýtdy.

Emma Azatlyk radiosy bu aýdylýanlary resmi çeşmelere tassykladyp bilmedi. Şol bir wagtda, adynyň aýtmazlygy soran oba hojalyk işgäri Hytaýdan satyn alnan gurçuk tohumynyň 10 prosent çemesiniň hasyl berýändigini, seýrek-de bolsa, gurçuk idedýän kärendeçi daýhanlaryň, býujet işgärleriniň hem bardygyny sözüne goşdy.

“Emma bu hili adamlary ýalan wadalar bilen, ujypsyzja hak töläp işledýärler, altyn pula satyn alnan ýüpek gurçugynyň tohumlaryny ýere gömýän, zeýkeşlere zyňýan adamlara, bu hili zaýaçylygyň sebäplerine bolsa baş galdyrýan ýolbaşçy ýok” diýip, Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeş bolan daşoguzly kärendeçi aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary esasynda, türkmen daýhanlary şu ýyl 2030 tonna çig pile öndürmäge borçly edildi.

TDH habar gullugynyň 9-njy fewralda ýazmagyna görä, şu ýyl Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürilmeli.