Nyrhlar galýar, hökümet aljyraýar, adamlar tygşytlan manadyna mal alýar

Aşgabatdaky mal bazary

Türkmenistanda dowam edýän we garaşsyzlyk ýyllarynda görlen iň agyr ykdysady kynçylyklar, harytlaryň dynuwsyz gymmatlamagy, dollaryň “gara bazar” nyrhynyň erjellik bilen ýokary galmagy hökümeti aljyraňňylyga salýar diýip, Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmesi habar berýär.

Bu maglumat daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň ýüzlerçesiniň özlerine yzdan, ene-atalary tarapyndan iberilen pullary türkmen bank kartlary arkaly alyp bilmek mümkinçiliginden doly diýen ýaly mahrum bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Mundan öň türkmenistanlylar daşary ýurtlara çykyp ýa kartlaryny iberip, öz manatlaryny döwlet kursy esasynda nagtlaşdyrmak ýa manadyň resmi hümmeti esasynda söwda etmek mümkinçiliklerini ýitirdi.

Ykdysady problemalara çözgüt tapylmaýar, bahalar dynuwsyz gymmatlaýar, emma prezident Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan teklip edilýän reformalar bilen ylalaşmaýar, diňe zoňtarlyk bilen ýagdaýy düzetmegi talap edýär” diýip, emele gelen ýagdaýy ýakyndan synlaýan çeşme gürrüň berdi.

Şeýle-de ol şindi hem manadyň dewalwasiýa edilmek ähtimallygyna seredilýändigini aýtdy.

Ýöne bu, emele gelen ýagdaýdan çykmagyň az sanly mümkinçilikleriniň biri hem bolsa, ilatyň aglaba köpçüligi üçin uly şok, sarsgyn bolar. Pul ýok we onuň geljek ýeri hem görnenok. Karz berijileri Türkmenistanyň töleg etmek ukybyna ynandyrmak mümkin däl, ýagdaý örän gözgyny” diýip, türkmen hökümetindäki çeşme aýtdy.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesiniň 27-nji aprelde beren maglumatyna görä, ýurduň demirgazyk sebitiniň ilaty bahalaryň yzygiderli gymmmatlamagyndan uly alada galýar.

Dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 18 manada çykdy, adamlar ‘manat dolanyşykdan aýryljakmyş, rubla geçiljekmiş’ diýip gürrüň edýär, ýygnap goýan manadyna gyssanmaç mal alýanrlar köeldi” diýip, ynamdar çeşme aýtdy. Şeýle-de şu gün Daşoguzda polisiýanyň şeýle gürrüň edýän adamlary gözläp, sorag geçirip ýörendigi barada maglumat gelip gowuşdy.

Dollaryň “gara bazar” nyrhlarynyň barha gymmatlamagynyň fonunda manat we onuň geljegi barada mundan öň hem dürli gürrüňler ýaýrapdy.

Şu aralykda Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurtlardan şahsy adamlar, garyndaşy ýa ýakyny tarapyndan we aýlyk hökmünde iberilen walýutany almagyň hem kynlaşdyrylandygy habar berilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesiniň tassyklamagyna görä, türkmenistanlylar daşary ýurtlardan şahsy adamdan gelen walýutany diňe manatda, döwlet kursundan alyp bilýär. Emma ogly ýa gyzy daşardan 500 dollar iberen pensioner ol puly manatda almakdan ýüz öwrüp, yzyna ibermegi talap etse, ondan bank hyzmatlary üçin dollarda 35 dollar tölemek talap edilýär.

Türkmen banklarynda walýuta meselesinde girizilen soňkydüzgüne görä, ozal adamlar daşary ýurtdan aýlyk hökmünde gelen, ýagny işleýän edarasyndan şahsy bank hasabyna iberilen puly almak üçin hem azyndan iki günlerini ýitirmeli bolýarlar.

Mysal üçin, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky rus mekdebiniň 200-den gowrakişgäriniň aýlyklary her aýda Orsýetden dollar görnüşinde iberilýär.

Adatça adamlar bu puluň aýyň ortalaryna geljegini bilýärdiler we baryp, nobat az bolsa durup, aýlyklaryny alýardylar, nobat uly we wagtlary az bolsa, garaşman gaýdýardylar. Ýa ‘bu gün dollar gutardy, ertir gel diýseler’ hem, adamlar kän öýke-kine etmeýärdi” diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.

Emma indi baryp, ilki puluň gelendigini bilmeli we soňra bankyň şahamçasy merkezi bankdan seniň aljak dollaryňy almak üçin adyňy, ataň ataň adyny görkezip, hat ibermeli, bu bolsa azyndan birki gün wagt alýar” diýip, çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ozal her gün banklaryň şahamçalaryna müşderilere bermek üçin çen bilen 20-30 müň dollar möçberinde walýuta berilýän eken, emma indi bu düzgün ýatyrylypdyr. Daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda işleýän adamlary bu ýagdaýdan juda nägile bolýarlar, sebäbi hiç kimiň banka gatnap, nobata durmaga üýşüp ýatan wagty ýok diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen bank resmisi bu düzgüniň bank şahamçalaryna gündelik goýberilýän dollaryň belli bir böleginiň “gara bazara” syzdyrylmagynyňöňüni almak üçin girizilendigini, sebäbi şeýle faktlaryň üstüniň açylandygyny gürrüň berdi.

Şu aralykda Halkara walýuta fondy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň 2018-nji ýyldaky ösüşiniň6,2 prosent bolmagynyň çaklanylýandygy barada maglumat çap etdi. Geçen ýyl bu görkeziji 6,5 prosent diýlipdi.

Türkmenistan, ekspertleriň aýtmaklaryna görä, nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy, Orsýet, Eýran ýaly gaz alyjylaryny ýitirmegi, ykdysadyýetiniň ýeterlik diwersifikasiýa edilmezligi we beýleki sebäpler esasynda soňky birnäçe ýylda 1991-nji ýyldan bäri iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär.