25 ýyl dowam eden gepleşiklerden soň, 13-nji dekabrda TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýektiniň, iň azyndan türkmen böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu gazgeçirijiniň 2019-njy ýylyň dekabryna çenli, ýagny 1814 km-a uzaýan bu proýektiň 4 ýylyň dowamynda gurluşygynyň tamamlanyp, ulanylmaga beriljekdigini aýtdy.
Şeýle-de 10 milliard dollarlyk proýektiň çykdaýjysynyň 85% töwereginiň hem Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigi habar berildi. Proýekte gatnaşýan beýleki ýurtlaryň hersi bolsa çykdajynyň jemi 5% -ni tölärler.
Bu proýekt bilen bagly maliýe meselesi belli bir derejede çözülen ýaly bolup görünse-de, ençeme ýyldan bäri gürrüňi edilip gelinýän Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary welin, has erbetleşmese, gowulaşanok.
Golaýda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Aziýanyň Ösüş Banky göz öňünde tutulan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol proýektinden çekilýändigini hem yglan etdi.
Garaz, bu proýekt bilen bagly ençeme soraglar gün tertibinde saklanyp galýarka, oňa edil şu wagt badalga berilmegine näme sebäp boldy? Ony kesgitlenen möhletde amala aşyrmak mümkinmi?
Şeýle-de, ykdysady problemalardan ejir çekýän Türkmenistan gürrüňi edilýän bu serişdäni üpjün edip bilermi? “Mejlisiň” nobatdaky sanynda ynha şu soraglaryň töwereginde aýlanýarys.
Programmanyň myhmanlary:
William Byrd:- ABŞ-nyň Parahatçylyk institutynda Owganystan boýunça bilermen we Bütindünýä bankynyň Owganistandaky ozalky dolandyryjysy.
Dr. Robert Cutler: Kanadanyň Ottawadaky Carlton uniwersitetiniň Ýewropa-Orsýet we Ýewraziýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Bruce Panniýer: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlaş çap edýän "Qishloq Ovozi" atly blogynyň redaktory.
Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.
Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar