Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow, Ghani pikir alyşdylar


Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri G.Berdymuhamedow (ç) we A.Ghani (s), Kabul, 27-nji awgust, 2015.
Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri G.Berdymuhamedow (ç) we A.Ghani (s), Kabul, 27-nji awgust, 2015.

Türkmenistanyň we Owganystanyň prezidentleri TOPH gaz geçirijisini gurup başlamak barada ylalaşdylar.

Iki ýurduň prezidentiniň türkmen gazyny Owganystana, Pakistana we Hindistana akdyrmak üçin gaz geçirijiniň gurluşygyny başlamak meselesi barada 10-njy noýabrda telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde pikir alyşandyklary resmi maglumatlarda habar berildi.

13-nji dekabrda gaz geçirijiniň düýbüni tutmak boýunça dabara gatnaşmak barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyny kabul eden Aşraf Ghani proýekti “tutuş region üçin iňňän wajyp” diýip atlandyrdy.

Uzynlygy 1735 kilometrlik TOPH gazgeçirijisi Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan başlanyp, Owganystanyň Hyrat-Kandagar ýolunyň ugrundan geçmeli we Pakistanyň Hindistan bilen serhedindäki Fazilka şäherçesine çenli çekilmeli. Turba arkaly ýylda 33 milliard kubometr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar.

Jemi bahasy 7.6 milliard dollarlyk gaz geçiriji arkaly akdyryljak gazdan Owganystan ýylda 5 milliard kubometr gaz almaga hakly we gaz tranzitinden ýylda 400 million dollar gazanar.

XS
SM
MD
LG