Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, eger iki tarap urşuň soňlanmagy meselesinde ylalaşmak üçin gepleşik stolunyň başyna gelse, ukrain güýçleriniň Russiýanyň Kursk sebitinde basyp alan ýerlerini Russiýanyň basyp alan ukrain ýerlerine çalyşmagy teklip etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
"Biz bir territoriýany beýlekisine çalşarys" diýip, Zelenski "Guardian" gazetine beren interwýusynda aýtdy. Ýöne Kiýewiň Kursk sebitiniň bir böleginiň deregine Moskwadan basyp alan haýsy territoriýasyny sorajakdygyny bilmeýändigini hem sözüne goşdy.
"Men bilmedim, göreris. Ýöne ähli sebitlerimiz möhüm, bu ýerde ol topraklaryň hiç biri aýratyn ileri tutulmaýar" diýip, Zelenski 11-nji fewralda çap edilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Mundan öň ol Russiýa 2022-nji ýylda giň gerimli çozuşa başlaly bäri elden giderilen ýerleriň hiç birinden geçmejekdigini, olardan ýüz öwürmejekdigini aýdýardy.
14-nji fewralda Mýunhende geçiriljek howpsuzlyk konferensiýasynda ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans we beýleki amerikan resmileri bilen duşuşmagy meýilleşdirilen Zelenski özüniň çynlakaý gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
Bu söhbetdeşlik Ak tamyň Moskwada bikanun tussag edilendigi aýdylýan amerikan mugallymy Mark Fogeliň boşadylandygyny aýdan wagtynda we Russiýanyň Kiýewe uran ýene bir ganly raketa zarbasynyň öň ýanynda çap edildi.
Kiýewiň häkimi Witali Kliçko raketalaryň 12-nji fewral güni irden, häkimiýetler ballistik raketa duýduryşyny bereninden soň atylandygyny we azyndan bir adamy öldürendigini, dört adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.
Sumy sebitine urlan zarba azyndan iki parahat ýaşaýjynyň ölmegine, iki adamyň ýaralanmagyna, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki emläkleriň uly zaýaçylygyna sebäp boldy diýip, sebit harby administrasiýasynyň metbugat gullugy 11-nji fewralda habar berdi.
Prezident Donald Tramp, ABŞ-nyň Kiýewi goldamagyny dowam etdirmegine ynamsyz garamak bilen, urşuň soňlanmagyna basyş edýär we soňky günlerde diplomatik tagallalaryny güýçlendirdi. Onuň Russiýa we Ukraina boýunça wekili Kit Kellog hem Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşar we şondan soň Ukraina sapar eder.
Tramp Birleşen Ştatlaryň Ukraina berýän kömeginiň bu ýurda düşýän bahasyndan gaty nägilelik bildirdi we ABŞ-nyň munuň öwezine bir zatlar talap etjekdigini aýtdy.
Zelenskiniň "The Guardian" gazetine aýtmagyna görä, ol geçen ýyl Tramp bilen urşy soňlamak barada gürleşende, oňa ABŞ-nyň Kiýewe berýän kömegi üçin Ukrainanyň seýrek metallara baý topraklaryny özleşdirmekde ilkinji nobatda elýeterlilik alyp biljekdigini aýtdy.
Zelenski Ukrainanyň Ýewropada iň uly uran we titanium gorlaryna eýedigini we Trampa bu ätiýaçlyklaryň ruslaryň eline düşmeginiň we Demirgazyk Koreýa, Hytaý ýa-da Eýran bilen paýlaşylmagynyň Birleşen Ştatlaryň bähbidine bolmajakdygyny duýdurandygyny aýtdy.
Tramp ýakynda Ukrainadaky uruş meselesindäki ylalaşygyň gazylyp alynýan seýrek minerallary hem öz içine alyp biljekdigini ýaňzytdy we ABŞ-nyň gazna sekratary Skott Bessentiň bu ýurduň seýrek mineral baýlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Ukraina sapar etjekdigini aýtdy. Ýöne Ak tam Bessentiň sapary barada jikme-jik maglumat bermedi.
Forum