Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýumurtga gytçylygyna fermalardaky towuklaryň "gyrylmagy" sebäp boldy – ýerli telekeçi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň käbir iri sebitlerinde birdenkä ýumurtganyň ýiti gytçylygy döredi. Hususy söwda nokatlarynda seýrek tapdyrýan bu harydyň bahasy hem iki esse çemesi ýokarlandy.

Ýerli söwdagärler muňa ýurtdaky iri guş fermalarynyň ençemesiniň towuklarynyň köpçülikleýin kesele uçrap gyrylmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Soňky birnäçe günden bäri Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň döwlete degişli dükanlarynda ýumurtga tapdyrmaýar.

“[Döwlet dükanlarynda] 30 sany ýumurtgadan ybarat bir desse 33 manatdan satylýardy. Häzir ol düýbünden ýok. Hususy söwdagärleriň käbirinde tapdyrsa-da, onuň bir dessesi ortaça 50 manatdan bahalanýar” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi 20-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Ýiti ykdysady çökgünlikden ejir çekýän türkmenistanlylar döwletiň degişlilikde arzan bahadan hödürleýän ýumurtga, un, şeker ýaly esasy önümlerine garaşly bolup durýar.

“Ýumurtga gurpdan düşen ilatyň esasy iýmit önümi hasaplanýardy. Indi halkyň aglaba bölegi näme iýmeli diýen pikirde. Öý ýumurtgasy diýilýäniniň bahasy hem 4 manada çykdy. Ýogsa ozallar ol 2.5 manatdan satylýardy” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy belledi.

Mundan öň, ýumurtga Aşgabadyň dükan tekjelerinden hem garaşylmadyk ýagdaýda ýitdi. Paýtagtdaky habarçymyz ýumurtganyň tapdyrýan söwda nokatlarynda, onuň bahasynyň tas iki esse ýokarlanandygyny hem belledi.

Döwlet dükanlarynda çäkli möçberde goýberilýän azyk harytlarynyň köplenç satuwda tapdyrmazlygy adaty ýagdaýa öwrülen bolsa-da, ýumurtganyň birdenkä ýitmeginiň mümkin sebäpleri boýunça ýerli söwda edaralaryndan maglumat almak başartmady. Bu barada döwletiň berk gözegçiligindäki mediada hem habar berilmeýär.

Emma Azatlygyň habarçysy bilen anonim gürleşen telekeçiler ýumurtganyň soňky gytçylygyny ýerli guş fermalarynyň käbiriniň towuklarynyň näbelli kesele uçramagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Ahalyň we Balkanyň guş fermalarynyň ençemesiniň towuklarynyň aglabasy näbelli keselden haram öldi. Bu sebäpli günbatar welaýatda iki towuk ferma doly batyp, işini togtatmaly boldy. Saklanmagy başaran fermalar täze jüýjeleri sargapdyrlar” diýip, türkmenbaşyly hususy telekeçi gürrüň berdi. Azatlykda gürrüňi gidýän fermalaryň anyk atlary bolsa-da, olardan bu boýunça kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, olary äşgär etmekden saklanýarys.

Geçen aý Marydaky habarçylarymyz hem sebitiň towuk fermalarynda guşlaryň näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýandygy barada gürrüň beripdiler.

Harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagy, hususan-da, güzeran eklenji gowşak maşgalalara, işsizlikden kösenýän, aýlyk girdejileri bazar sebedine gabat gelmeýän raýatlara zarba urdy.

Türkmen hökümeti dowam edýän ykdysady kynçylyklary, giň ýaýran işsizligi, azyk gymmatçylygyny we munuň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsirlerini aç-açan boýun alman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG