Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssyda ýollaryň eremegi ulag heläkçiligine sebäp bolýar


Gara ýol. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Gara ýol. Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda saklanýan yssy howada awtomobil ýollar sandan çykýar. Asfalt eräp, ýollarda çukurlar emele gelýär we ýol hadysalarynyň köpelmegine sebäp bolýar. Azatlygyň habarçysy Mary welaýatyndaky ýagdaý barada habar berýär.

"Asfaltlar eräp ýollar joýa-joýa bolýar, täze düşelen gara ýollar eräp köp ýeri çökipdir. Awariýa hem köp bolýar. Täze düşelen gara ýollardan ýörär ýaly däl Mary-Tejen aralygyndaky awtoban joýa çekilen ýaly bolupdyr. Ol gara ýoly täzeden bejermeli" diýip, habarçymyz 30-njy iýunda aýtdy.

Soňky günlerde howanyň temperaturasy +50 gradusa çenli gyzýar. Gyzgyn howada ýolda awtoulaglaryň hem gaýnap hatardan çykýandygyny habarçy aýdýar.

"Awtoulaglar bir ýerde säginip, az salym dursa, tekerleri asfalta çümýär. Dessine ugramasaň awtoulagyň gara ýoluň erän asfaltyna çümmek howpy döreýär" diýip, habarçy ýagdaýy suratlandyrýar.

Welaýat merkezinden köp ilatly Tejene barýan uly ýoldan ýük ulaglary hem köp gatnaýar. Agyr tehnikanyň geçen ýerinden ýeňil awtoulaglary sürmek kyn bolýar.

"Ýük awtoulaglarynyň ýörän ýollaryndan kiçi awtoulaglar asla ýöräp bilmeýär. Köp kiçi awtoulaglaryň sürüjileri uly ýük awtoulaglaryň gatnan ýerlerine düşüp, ulaglaryň aşaklary ýola degýär karter zaýalanýar, benzin baklary deşilip, hatardan çykýar. Ýoluň ugrunda bozulyp duran awtoulaglara köp duş gelýär" diýip, marly ulag sürüjisi habar berýär.

Şeýle-de, sürüjiler şu günler awtoulaglaryň yssyda köp sandan çykýandygyny, hereket ediji parçalaryň alýuminiý bölekleriniň gyşaryp, ulagyň hatardan çykmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Şu günler ussahanalara ýüz tutýan ulag sürüjileri köpelipdir.

"Ussahanalaryň gapysynda duran awtoulaglar kän duş gelýär" diýip, habarçy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen sürüjileriň sözlerine görä, ýoldan örän seresaply sürmeli bolýar, ýerli ýollaryň ýagdaýyndan bihabar sürüjileriň arasynda hadysalara uçraýan halatlar köp bolýar.

Bu ýagdaý welaýatyň beýleki ýerlerine hem degişli.

Ýerli ilat ýollaryň hiliniň pesdigini, hatda welaýatyň uly gara ýollarynyň ýagdaýynyň erbetdigini aýdýar. Käbir ýerlerde ýollar ýyllarboýy bejerilmeýän bolsa, başga ýerlerde ýaňy-ýakynda bejerilen ýollar tiz sandan çykýar. Welaýat häkimiýetleri ýollaryň ýagdaýyna köplenç ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlarynyň öňýany üns berýärler. Gyssagly bejerilýän ýollar soň tiz sandan çykýar.

Azatlygyň Marydaky habarçysy soňky günlerde welaýatda birnäçe ýol heläkçiliginiň bolandygyny, Marynyň Baýramaly şa ýolunuň ugrunda, Zähmet geňeşliginden Üç-ajy stansiýasyna çenli soňky günlerde birnäçe awtoulag kaknyşyp, içindäki adamlaryň ten şikesini alyp Baýramaly etrap hassahanalaryna düşündigini 30-njy iýulda gürrüň berdi.

Bir gün ozal ýüze çykan bir hadysa Marydan Aşgabada barýan ýoluň ugurnda ýerleşýän "Altyn-Asyr" täze bazara golaý ýerde bolupdyr.

"Ýol gaty ýaramaz, 7 adamlyk "Siena" awtoulagy çarkandak ýol zerarly ýük ulagyna degip ýoldan çykdy. Onuň içindäki söwdagärlere şikes ýetmedi, emma awtoulag zaýalandy. Içindäki adamlar Çärjewiň bazaryna barýardy" diýip, ýagdaýa şaýat bolanlaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýollaryň çukanakly bolmagynyň ýol heläkçiligine sebäp bolýan halatlary barada Azatlygyň habarçylary öňem ençeme gezek habar beripdi.

Maýyň aýagynda Daşoguzda zyýaratçylary alyp barýan kerwen heläkçilige uçrapdy.

26-njy maýda gaz üpjünçilik edaralarynyň işgärlerini sebitiň iri ýadygärlikler toplumlaryna zyýarata alyp barýan bir minibus we “Toyota Sienna” kysymly mikrobus Daşoguz – Köneürgenç gara ýolunyň ugrunda, Boldumsaz etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň golaýynda, ýol heläkçiligine uçrady, 15 adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy.

Wagtynda bejerilmedik ýollar tiz kömek awtoulaglarynyň işini hem kynlaşdyrýar.

Mundan öň Azatlyk bilen gürleşen maryly tiz kömek ulaglaryň sürüjileri ýollaryň erbetligi zerarly tiz sürüp bolmaýandygyny, ulaglaryň sandan çykýandygyny we şu sebäpden hassalara wagtynda kömege ýetişip bolmaýandygyny aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG