Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda gurlan gara ýollar ýüzlerçe kilometre uzaýar we şäherleriň, şeýle-de uly bolmadyk ilatly ýerleriň üstünden geçýär. Awtomobil magistrallarynyň ugrunda söwda nokatlaryny, gök-önüm, miwe bakja önümlerini we beýleki azygy satýan adamlary görmek bolýar. Habarçylar soňky döwürde ýol ugrunda gazanç etmäge çalyşýan garyp adamlaryň ýoluň jaýryklaryny "bejermek" ýaly täze usuly özleşdirýändigini gürrüň berýärler.
"Mary -Türkmenabat ýoly has erbet bozulypdyr. Bu ýoldan geçmek sürüjilere we ýolagçylara has howply. Şu Mary-Türkmenabat ýolunyň bar ýeri çukurdan doly, hamala bomba düşen ýaly, görseňiz!" - diýip, ýerli çeşmelerimiziň biri 26-nji maýda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, ýoluň üstündäki asfaltyň bozulmagyna, jaýryklaryň we deşikleriň emele gelmegine onuň ugrunda ýerleşýän iri desgalardan alnyp barylýan gurluşyklara ýük daşaýan agyr ulaglar sebäp bolýar.
"Sebäbi bu ýoly ýük awtoulaglary bozupdyr, olar Ahaldan Lebabyň günortasyna çagyl daşaýar. Lebabyň Çärjew etrabynda 2 sany uly asfalt zawody dikeldildi. Lebabyň çäginden geçip Mara tarap uzaýan bu asfalt ýoly Ýolöten welaýatyna barýar" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Ýolötende iri gaz ýataklary we nebit-gaz pudagyna degişli ençeme iri desga ýerleşýär.
Sürüjiler awtobanyň hilinden howatyr edip, bu ýoldan geçende seresap bolmaga synanyşýarka, ýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş nokatlaryň ilaty bu ýagdaýda ujypsyz girdeji görmek ugrunda tagalla edýärler.
"Şu Mary - Türkmenabat ýolundaky çukurlaryň golaýynda 10-12 ýaşly çagalar elleri pilçeli jaýryklara çagyl guýup, deşikleri doldurýar. Sürüjiler hem olaryň edýän işini görüp, bize gowy bolar, awtoulaglara zeper etmez diýip begenýärler. Her kim şol çagalara 5-10 manat berip gidýär. Käbirler olara içimlik suw, süýji, köke berýärler. Awtoulaglaryň birinden sürüji içimlik suwuny zyňyp gitdi, şol çaga yzyndan ylgap baryp, suwly gaby ýerden göterip aldy" diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýerli çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy, hususan-da Mary - Türkmenabat awtomobil ýolunyň 150-nji kilometrine deňeçer ýerleşýän Uçajy obasynyň ýagdaýyny gürrüň berip, çetde galan bu ýaşaýyş nokadynyň ilatynyň örän garypdygyny, ýerli ýaşaýjylaryň köpüsinde girdeji çeşmesiniň ýokdugyny aýdýar.
"Bu oba sowet döwründe döwletiň doly üpjünçiligindedi. Uçajyda sowet döwründe tapylan iň uly gaz ýataklary ýerleşýärdi. Ine bu gün oba hiç keme gerek bolmady. Bu Uçajy obasyndan Marynyň häkimiýetleri habar tutmaýar. Ýerli ilatyň ekin meýdany ýok, obanyň daş-töweregi gum, suw ýok bu obada. Bu ýagdaýda obanyň ýaşaýjylaryna gün görmek gaty kyn, ekerançylyk ýok, maldarçylyk pes derejede, obanyň malyna we düýelerine çöldäki ýandakdan başga iýim ýok" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.
Üçajynyň ýerli ýaşaýjylarynyň arasynda dilegçilik edýän maşgalar hem bar. Bu ýagdaý awtoulagly geçip barýan ýolagçylary gaty gynandyrýar.
"Ýaşaýyş has kyn bu obada, sonuň üçin bu oba ýaşaýjylary Mary - Türkmenabat awtomagistralyň ugruna dilegçilik etmäge çykýarlar. Men hut özim gördüm, iki maşgala çagalary bilen her haýsy 100 metr aýrylykda ýoluň ugrunda oturyp dilegçilik edýärler" diýip, habarçy aýdýar. Onuň gürrüň bermegine görä, iki tarapa, hem Mara, hem-de Türkmenabada geçip barýan awtoulaglardan sürüjiler we ýolagçylar dilegçilik edýänlere pul, arassa suw ýaly zatlary berip gidýärler.
Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady krizis, ilatyň barha garyplaşmagyna getirdi. Tebigy serişdelere baý ýurduň hökümeti krizisi we onuň sebäplerini açyk agzamaýar, ilatyň sosial ýagdaýyny, işsizligiň derejesini görkezýän resmi sanlary çap etmeýär. Bu aralykda ýurtda ençeme döwlet edarasy ýapyldy, iş orunlary köpçülikleýin azaldyldy, ilat üçin sibsidirlenen bahadan azyk, gaz, tok we suw üpjünçiligi ýaly ýeňillikler ýatyryldy. Munuň bilen bir wagtda täze gurluşyk proýektlere milliardlarça dollarlyk pul çykarylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum