Ýewropa ýurtlarynda Ukrainadaky söweşiň üçünji ýyllygy mynasybetli demonstrasiýa geçirildi. Gatnaşanlar Russiýanyň agressiýasyna garşy durýan Kiýewe goldaw bildirdiler.
Ýekşenbe güni Brusselde parahatçylykly demonstrasiýa geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Olena Abramowiçiň habaryna görä, birnäçe müň demonstrant ukrain gimnini aýtdylar we “Russiýa tölemeli”, “Ukraina şöhrat”, “Ýewropa üçin parahatçylyk, Ukraina üçin ýeňiş” mazmunly şygarlary öňe sürdüler.
Demonstrasiýa wagtynda howa hüjüminiň sirenasy eşitdirildi - ukrain halky bu sesi tas her gün, rus goşunlarynyň howa hüjümleri zerarly eşidýärler.
Ýekşenbe güni Pragada hem Ukrainany goldamak üçin ýöriş geçirildi. Müňlerçe adam şäher merkezindäki "Staromestska" meýdanyna jemlendi. Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel hem ýygnananlara ýüzlenip, Russiýanyň Ukrainanyň territoriýasyna hüjüm edip, agressora öwrülendigini we halkara hukugyny bozandygyny aýtdy.
Soňky birnäçe günüň dowamynda dünýäniň birnäçe ýüz şäherinde Kiýewi goldamak üçin ýörişler geçirildi.