Sepleriň elýeterliligi

 
Ukrainanyň söweş meýdany ABŞ-nyň harby kömegini we aňtaw maglumatlaryny togtatmagyna uýgunlaşýar, ÝB liderleri sammit geçirýär
Soňky habar

Ukrainanyň söweş meýdany ABŞ-nyň harby kömegini we aňtaw maglumatlaryny togtatmagyna uýgunlaşýar, ÝB liderleri sammit geçirýär


Ukrain esgeri söweş meýdanynda ele salnan rus tankynyň ýanynda
Ukrain esgeri söweş meýdanynda ele salnan rus tankynyň ýanynda

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen Brýusselde geçirilýän bilelikdäki sammite gatnaşýar. Sammitde Ýewropanyň goranyş senagatyny güýçlendirmek, harby kuwwatyny artdyrmak we Ukrainanyň gyssagly harby goldaw bilen üpjün edilmegine kömek etmek maksady bilen 800 milliard ýewro (844 milliard dollar) möçberindäki meýilnama maslahatlaşylar.

Bu tagallalar Ýewropa bilen ABŞ-nyň soňky wagtlarda kemeldilen Ukrainany harby we aňtaw taýdan goldamak kömegi arasynda emele gelen boşlugy azaltmak üçin hökümetleriň geçirýän gyssagly çäreleriniň çäginde alnyp barylýar.

6-njy martda geçirilýän sammit Germaniýanyň kansleri wezipesine girişmeli Fridrih Mersiň öz ýurdunyň goranyş senagatyny güýçlendirmek baradaky çagyryşlarynyň hem-de Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň duýduryşlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Makron Russiýanyň agressiýasynyň diňe Ukraina bilen çäklenmejekdigini belläp, Fransiýanyň özüniň ýadro gorag galkanlaryny beýleki Ýewropa ýurtlaryna hem giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

“Men Birleşen Ştatlaryň biziň bilen bile boljakdygyna ynanasym gelýär. Ýöne beýle bolmasa, biz muňa taýýarlykly bolmaly” diýip, Makron sammitiň öňüsyrasynda telewizion çykyşynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy tarapyndan görlen sammitiň maksatlaryny beýan edýän deslapky resminama görä, sammit ÝB agza ýurtlarynyň goranyşa has köp serişdeleri gönükdirip bilmegi üçin maliýe serişdelerini herekete getirmegi maksat edinýär.

Bu tagalla Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýeniň REARM Europe atly meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Bu meýilnama Ýewropanyň Kiýewi harby taýdan has giňişleýin goldamagyny we Ukrainany çetleşdirmän parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak tagallalarynda has uly rol oýnamagyny göz öňünde tutýar.

Fransiýanyň Daşary işler we Goranyş ministrliklerinde birnäçe wezipede işlän hem-de NATO-nyň ýokary derejeli öňki resmisi Kamil Gran Ýewropa döwletleriniň Kiýew üçin goranyş goldawyny üpjün etmeginiň örän möhümdigini belleýär.

Onuň pikiriçe, eger-de Ýewropa ýurtlary parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak boýunça alnyp barylýan gepleşiklerde emele gelen boşlugy doldurmak islese, olar Ukrainanyň howpsuzlygy üçin belli bir kepillik berýän goranyş goldawyny üpjün etmeli.

“Howpsuzlyk kepillikleri gepleşikleriň esasy meselesine öwrüldi. Eger-de beýle kepillikler bolmasa, Ukraina islendik parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmäge diýseň ätiýaçly çemeleşer” diýip, häzirki wagtda Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň (ECFR) synçysy bolup işleýän Kamil Gran Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Bu kepillikleriň esasy üpjün edijileri hökmünde Ýewropa ýurtlary bu prosese täsirini täzeden güýçlendirdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Waşingtondan gelen soňky kararlar sammitiň dowamynda uly täsir galdyrar. Sebäbi Ukrainadaky urşy bes etmek ugrunda alnyp barylýan ýokary derejeli diplomatiýa we söweş meýdanyndaky ýagdaýlar prezident Donald Tramp administrasiýasynyň Kiýew bilen harby üpjünçiligi we aňtaw maglumatlary paýlaşmagy togtatmak baradaky hereketlerine görä täzeden ugur alýar.

6-njy martyň ir sagatlarynda Russiýanyň uzak aralykdan atylyan raketasy Ukrainanyň merkezi şäheri Krywyý Rihde bir myhmanhana zarba urdy. Bu hüjüm ABŞ-nyň Ukrainanyň harby üpjünçiligini we aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagyny togtadaly bäri, uzak aralykdan raýat infrastrukturasyna edilen ilkinji zarba boldy.

Zarbanyň netijesinde azyndan dört adam heläk boldy, 30-dan gowrak adam bolsa ýaralandy.

ABŞ-nyň aňtaw maglumatlarynyň Ukrainanyň harby tagallalary üçin nähili ähmiýetiniň bardygy hiç haçan aç-açan beýan edilmese-de, ukrain resmileri bu maglumatlaryň ýurduň özüni rus raketa hüjümlerinden goramak ukybyna täsir ýetirip biljekdigini aýdýarlar.

Şeýle hem, bu ýagdaý Ukrainanyň Russiýa garşy uzak aralykdan dron hüjümlerini netijeli amala aşyrmak mümkinçiliklerine hem-de ABŞ tarapyndan üpjün edilen Patriot we NASAMS howa goranyş ulgamlary, HIMARS uzak aralykdan raketa atyjy ulgamlary we Britaniýa bilen Fransiýanyň beren Stormshadow raketalary ýaly ösen ýaraglary ulanmakda gorag we hüjüm operasiýalaryny geçirmek ukybyna päsgel berip biler.

Ak Tamyň bu karary, häzirki wagtda berilmegi meýilleşdirilýän milliardlarça dollarlyk ýarag we ok-däri serişdelerine täsir ýetirýär.

Bu çäklendirme Pentagonyň ätiýaçlyklaryndan iberilýän enjamlar bilen birlikde, Ukraina Howpsuzlyk Kömegi Inisiatiwasy (Ukraine Security Assistance Initiative) arkaly üpjün edilýän serişdeleri hem öz içine alýar. Bu başlangyç Kiýewiň täze harby enjamlary göni Amerikanyň goranyş kompaniýalaryndan satyn almagy üçin maliýe çeşmesini üpjün edýär.

ABŞ-nyň aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagyny togtatmagy bilen ýüze çykan boşluga jogap hökmünde, Fransiýanyň Goranmak ministri Sebastýen Lekornu 6-njy martda Parižiň öz aňtaw mümkinçiliklerini Ukraina hödürlejekdigini mälim etdi.

Polşanyň Goranmak ministri Wladyslaw Kosinak-Kamyş sammitiň öňüsyrasynda ukrain kärdeşi Rustem Umerow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Polşanyň Ukrainany logistik taýdan goldamagyny dowam etdirjekdigini we 200 million ýewro (215 million dollar) möçberindäki täze kömek paketiniň berilmegine eýýäm başlandygyny mälim etdi.

“Biz Ukrainany uruş başlan ilkinji günden goldaýarys we muny dowam etdireris. Bu biziň üçin örän möhüm mesele” diýip, Kosinak-Kamyş aýtdy.

Tramp administrasiýasynyň resmileri harby kömegi we aňtaw maglumatlaryny paýlaşmagy togtatmagyň gysga möhletli bolup biljekdigini bellediler. Munuň üçin Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski gepleşik stoluna gaýdyp gelmäge razy bolmalydy. Zelenski muny etmäge taýýardygyny äşgär etdi.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýk Waltz 5-nji martda Fox News tele-kanalyna Ak Tamyň parahatçylyk gepleşikleri gurnalan halatynda we ynamy berkitmek boýunça çäreler görülen ýagdaýynda, Ukrainany goldamagy täzeden dikeltmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Ol Ukraina bilen gepleşikleriň senesi we geçiriljek ýeri barada gepleşikleriň dowam edýändigini hem belledi.

Kiýew bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar 28-nji fewralda Ak tamda Zelenski, Tramp we ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wansyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykdan soň dartgynlaşdy. Şol duşuşykda ukrain prezidenti köpçüligiň öňünde berk tankytlanyp, strategiki taýdan möhüm minerallar ylalaşygyna gol çekmezden Ak tamdan çykmagy soralypdy.

Şondan soň Zelenski bu ylalaşyga gol çekmäge taýýardygyny mälim etdi we Waşington bilen gatnaşyklaryny dikeltmek ugrunda tagalla etdi.

Ukrainanyň söweş meýdanlarynda we Russiýanyň käbir sebitlerinde çaknyşyklar dowam edýär. Adam ýitgileri ýokary bolmagyna garamazdan, Kiýewiň ýa-da Moskwanyň täze territoriýalary ele geçirmegi bilen bagly ýagdaý aglaba durgun bolup dur.

Harby üpjünçiligiň we aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagynyň togtadylmagynyň söweş meýdanyna nähili täsir ýetirjekdigi entek anyk däl. Şeýle-de bolsa, 5-nji martda birnäçe ýokary derejeli Demokrat Ak Tamyň bu kararlaryny açyk tankytlady.

Senatyň aňtaw komitetiniň başlygynyň orunbasary, senator Mark Warner aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagyny bes etmek baradaky karary “ýalňyş çözgüt” diýip atlandyrdy.

“Men aç-açan aýdýaryn: Ukrainaly hyzmatdaşlarymyza aňtaw goldawyny kesmek [Ukrainanyň] raýatlarynyň janynyň hasabyna düşer” diýip, Wirjiniýadan saýlanan demokrat senator öz beýanatynda aýtdy.

Brýusselde ýygnanan Ýewropa liderleri bu ýagdaýyň öňüni almak üçin çalt çäre görmegi göz öňünde tutýarlar. Köp çaklamalara görä, Ukraina goşmaça amerikan kömegi ýa-da ýewropaly hyzmatdaşlardan güýçli goldaw bolmazdan, söweş hereketlerini diňe tomsuň ahyryna çenli dowam etdirip biler.

Forum

XS
SM
MD
LG