Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň giň gerimli dron hüjüminden soň, Russiýanyň nebit zawodynda ýangyn döredi


Rýazan şäherindäki ot alan nebiti gaýtadan işleýän zawoddan adamlar gaçyp barýar.
Rýazan şäherindäki ot alan nebiti gaýtadan işleýän zawoddan adamlar gaçyp barýar.

Ukrainanyň Russiýanyň dürli sebitlerine, şol sanda Moskwa hem garşy amala aşyran giň gerimli dron hüjümleriniň netijesinde, Rýazan şäherinde ýerleşýän nebiti gaýtadan işleýän zawod ot aldy. Hüjüme onlarça pilotsyz uçar enjamy gatnaşyp, munuň şu ýylyň başyndan bäri Ukrainanyň amala aşyran iň iri dron hüjümi bolandygy bellenilýär.

Şaýatlaryň maglumatyna, şeýle-de tassyklanan wideolardaky görnüşlere görä, 24-nji ýanwarda irden Rosneft tarapyndan dolandyrylýan Rýazan şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda ýangyn döräpdir.

Telegramda ýerleşdirilen bir wideoda uly ýangyny, şeýle-de aljyraňňl adamlaryň barha bina ýaýraýan otdan gaçyp barýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Mundan başga, golaýdaky Nowo-Rýazan şäherinde hem elektrik stansiýasynyň ot alandygy barada maglumatlar bar.

Hüjüm bilen bagly ýitgiler boýunça entek maglumat berilmedi. Russiýanyň Goranmak ministrligi Russiýanyň territoriýasynyň üstünde 120 ukrain dronunyň ýüze çykarylyp, ýok edilendigi barada hasabat berdi.

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýaniniň sözlerine görä, paýtagtyň üstünde jemi alty dron urlupdyr, şeýle-de golaýdaky Şýolkowo, Kolomno, Ramenskoýe we Podolsk sebitlerinde hem ençeme dronuň öňi alnypdyr.

Sobýanin urlan dronlaryň gaçan galyndylary sebäpli uly zyýanyň ýa-da adam şikesleriniň döremändigini aýtdy. Emma hüjüm sebäpli raýat howa uçuşlarynda uly bökdençlikler döräp, Moskwanyň esasy üç aeroporty: Wnukowonyň, Domodedowonyň we Žukowskiýiň işleri wagtlaýyn togtadyldy.

Goranmak ministrligiň beýanatyna görä, Brýansk regionynyň üstünde 37 dron urlupdyr, şeýle-de Kursk we Saratow sebitleriniň her birinde 17 pilotsyz enjam ýok edilipdir. Ministrlik Ukrainanyň basylyp alnan Krym ýarymadasynyň üstünde hem dronlaryň urlandygyny tassyklady.

Dron hüjümleriniň howpy bilen baglylykda, Kazanyň, Nižnekamskyň, Penzanyň, Samaranyň we Saratowyň aeroportlarynyň işinde hem bökdençlikler ýüze çykdy.

Ukrainanyň Russiýa garşy amala aşyran dron hüjümleri, Russiýanyň Ukrainanyň territoriýalaryna uran howa zarbalaryna gabat geldi.

Russiýanyň Kiýewe eden hüjümi netijesinde parahat ilatyň arasyndan üç adam öldi. Sebitiň başga bir etrabynda sekiz sany hususy jaýa, üç awtoulaga, dükan, hojalyk gurluşygyna zyýan ýetdi.

Russiýanyň güýçleri dürli ýaraglar, şol sanda dronlar, raketalar we artilleriýa toplary bilen Ukrainanyň regionlaryny nyşana alýar we, köplenç, raýat maksatly desgalara we ýaşaýyş jaýlaryna uly zeper ýetirýär.

Russiýanyň resmileri raýat desgalaryny ýörite niýet bilen urýandygyny inkär edýärler. Şol bir wagtda, Ukraina we halkara guramalary Moskwanyň hereketlerini uruş jenaýaty hökmünde ýazgarýarlar. Olar keselhanalara, mekdeplere we energiýa desgalaryna edilýän hüjümleriň ýygylygyna we bilkastlaýyn häsiýetine ünsi çekýärler.

Forum

XS
SM
MD
LG