Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Moldowa Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerine badalga berýär


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Moldowanyň prezidenti Maia Sandu
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski we Moldowanyň prezidenti Maia Sandu

Ukraina we Moldowa 25-nji iýunda Lýuksemburgda Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşiklerine resmi taýdan badalga berýär. Bu ädim iki ýurduň soňy bilen bileleşige goşulmak hyjuwlarynda möhüm pursat bolar.

Bileleşigi emele getirýän 27 döwletiň hökümetleriniň wekillerinden ybarat bolan ÝB Geňeşi 21-nji iýunda Ukraina we Moldowa üçin gepleşikleriň çarçuwasyny tassyklady. Biraz öň, Bileleşigiň ýerine ýetiriji edarasy bolan Ýewropa Komissiýasy 7-nji iýunda iki ýurduň ýeterlik derejede taýýar bolandygyny aýdyp, prosese badalga berilmegini maslahat berdi.

Birnäçe ýyl dowam edip biljek gepleşikleriň resmi açylyşy Ukraina üçin öýlän 3:30-da, Moldowa üçin 6:30-da bolup geçer.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel oktýabrda, “eger iki tarap hem öý işlerini ýerine ýetirseler”, häzirki wagtda Russiýanyň esassyz çozuşyna garşy goranyş urşuny alyp barýan Ukrainanyň, 2030-njy ýyla çenli bileleşige agza bolup biljekdigini aýtdy.

Moldowanyň Günbatara tarapdar prezidenti Maia Sandu hem 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine agzalygy gazanmak ugrunda syýasy ygrarlylyk görkezdi. Moldowa 2020-nji ýylda iş başynda bolan Moskwa tarapdar Dodony agyr ýeňlişe sezewar eden Sandunyň dolandyryşy astynda Russiýadan Ýewropa tarap duýdansyz öwrüm etdi. Sandu şu ýyl gaýtadan saýlawlarda dalaş eder.

Ukraina we Moldowa Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy giň gerimli çozuşa girişmeginiň yz ýany, Ýewropa Bileleşigine agzalyga dalaşgärlik hödürlediler we şol ýylyň iýun aýynda dalaşgärlik durumyna eýe bolup, dekabrda gepleşiklere badalga berilmegine şertli rugsat aldylar.

Sandunyň ýolbaşçylygyndaky bitarap Moldowa Russiýanyň Ukraina çozuşyny berk ýazgardy, Kiýewiň ýanynda ymykly orun aldy we, şol bir wagtda, özüniň Günbatar goňşusy, ÝB we NATO agzasy bolan Rumyniýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrdy. Rumyniýa we Moldowa umumy dili we umumy taryhy paýlaşýarlar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 21-nji iýunda Ýewropa Bileleşigi bilen integrasiýa ymtylmagyň Kişinewiň öz ygtyýarynda bolandygyny, ýöne Russiýa bilen-de ýakyn gatnaşyga hyjuwlanýan “köp sanly moldowalynyň” bardygyny aýtdy.

Bu aralykda, ýewropa kazyýeti Russiýany Ukrainada adam hukuklaryny bozmakda günäli tapdy.

Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti Russiýanyň, 2014-nji ýylda ukrain ýarymadasyny anneksiýa edeli bäri, Krym ýarym adasynda adam hukuklaryny bozandygy barada karar çykardy.

Düýbi Strasburgda ýerleşýän kazyýet 25-nji iýunda kabul eden kararynda Russiýa tarapyndan ýerine ýetirilen wagşyçylyklaryň din ruhanylaryny we žurnalistleri gorkuzmagy öz içine alandygyny aýtdy. Moskwa Ukraina tarapyndan kazyýete getirilen bu iş boýunça öňe sürmeleri ret etdi.

Bu karar Russiýanyň Krymda, Ukrainanyň beýleki sebitlerinde, ýa-da Russiýada özleriniň syýasy pozisiýalary zerarly, ýa-da Ukraina tarapdar işjeňligi sebäpli, ukrainalylary yzarlamalara sezewar edendigi barada Kiýew tarapyndan aýdylýan aýyplamalara-da degişlidir.

Kiýew 2014-nji ýylyň 27-nji fewralyndan bäri ýarym adanyň Moskwanyň gözegçiliginde bolandygyny we rus güýçleriniň polisiýa işgärlerini we asuda raýatlary gynandygyny hem-de öldürendigini aýdýar, Moskwa bu öňe sürmeleri ret edýär.

Ukrainanyň we Russiýanyň ikisi-de Ýewropanyň Geňeşiniň agzasydyr, Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýeti bu geňeşiň bir bölegidir.

Moskwanyň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny güýç bilen anneksiýa etmegi we 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri bu ýurtda giň gerimli çozuşy dowam etdirmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ýazgaryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG