Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 ministrleri Ukraina berilýän goldawyň 'üýtgewsiz galýandygyny' aýtdylar


G7-niň, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediler toparynyň daşary işler ministrleri.
G7-niň, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediler toparynyň daşary işler ministrleri.

G7-niň, senagat taýdan ösen ýurtlaryň ýediler toparynyň daşary işler ministrleri 26-njy noýabrda, Italiýada geçirilen sammitiň jemleýji beýanatynda Ukraina bolan goldawlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de, öz sözleri bilen aýtsak, olar Russiýanyň "jogapkärçiliksiz we wehim beriji ýadro ritorikasyny" ýazgardylar.

G7 ministrleriniň beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň Russiýa berýän goldawynyň urşuň howply giňemesine sebäp bolandygy hem duýduryldy, Russiýanyň Demirgazyk Koreýanyň ballistik raketalaryny we ok-därilerini satyn almagynyň bolsa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlaryna ters gelýändigi aýdyldy we bu ýagdaý berk ýazgaryldy.

“Biz Russiýanyň agressiýa urşuna berk garşy durýarys. Biz Ukrainanyň şäherlerine we raýat infrastrukturasyna edilýän ýowuz hüjümleri we olaryň parahat ilat üçin kabul edip bolmajak netijelerini berk ýazgarýarys" diýip, ministrler iki günlük sammitiň jemleýji beýanatynda aýtdylar.

Angliýanyň, Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Birleşen Ştatlaryň daşary işler ministrleri Russiýanyň 21-nji noýabrda orta aralyk ballistik raketasyny ulanandygyny bellediler we munuň "geleňsiz we gyzdyryjy gylygyň ýene bir subutnamasy bolandygyny" aýtdylar. Şeýle-de, olar Ukrainanyň territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny goldamak kararlarynda berk, “üýtgewsiz galýandyklaryny” aýtdylar.

Fiuggide, Rimiň günorta-gündogaryndaky kurort şäherinde geçirilen duşuşyga Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha bilen ÝB-niň daşary syýasat başlygy hem goşuldy. Ministrler ýyl ahyryna çenli doňdurylan rus emläklerinden gelip çykýan 50 milliard dollarlyk karz bukjasyny paýlap başlamaga umyt edýändiklerini aýtdylar.

Şeýle-de, olar Russiýanyň sanksiýalardan gaça durmagyna kömek edýän toparlara garşy hereket etmek wadasyny berdiler, Demirgazyk Koreýanyň uzak wagtlyk ýarany bolan Hytaýa ýüzlenip, Pekini Demirgazyk Koreýanyň goşunlarynyň söweş meýdanlaryna ýerleşdirilmegine garşy durmaga çagyrdylar.

Ministrler, Liwan ýaraşygynyň tassyklanmagynyň biraz öňünden, Liwandaky Hizbulla bilen baglaşyljak ýaraşyk şertnamasyny kabul etmegi üçin Ysraýyla edilýän basyşy güýçlendirmäge synanyşyp, "indi diplomatik ylalaşyk baglaşmagyň wagty geldi" diýdiler.

Olar ysraýyl hökümetini Gazadaky, Günbatar Kenardaky we Gündogar Iýerusalimdäki parahat ilata berilýän ynsanperwer kömeginiň mätäçlere gowuşmagyny ýeňletmegine çagyrdylar.

"Biz göçüp baran ekstremistler tarapyndan palestinalylara garşy ulanylýan zorluklary örän berk ýazgarýarys, bu zorluklar Iordan derýasynyň Günbatar kenaryndaky howpsuzlygy we durnuklylygy gowşadýar, dowamly parahatçylygyň geljegine wehim salýar" diýip, G7 toparynyň daşary işler ministrleriniň 26-njy noýabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG