Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hasabat: Russiýa Ukrainada adam gynap, uruş jenaýatlaryny edip, adamzada garşy bolup biljek jenaýatlara ýüz urdy


Bir ýyldan gowrak ozal Ukraina sebäpsiz çozaly bäri, Russiýa halkara adam hukuklary we ynsanperwerlik kadalaryny giň gerimde bozdy we olaryň käbiri uruş jenaýatlaryna barabar diýip, BMG tarapyndan goldanýan Garaşsyz Halkara Derňew Komissiýasy 16-njy martda Ukraina boýunça çap eden hasabatynda aýtdy.

Hasabat gürrüňi edilýän kanun bozulmalarynyň ýaragsyz raýatlary bilkastlaýyn öldürmegi, gynamalary, bikanun tussag etmegi, zorlamagy we beýleki jyns zorluklaryny, şeýle-de ukrain çagalarynyň Moskwanyň gözegçiligindäki ýerlerden mejbury ýagdaýda Russiýa deportasiýa edilmegini öz içine alýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, komissiýa Russiýanyň Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna eden giň gerimli hüjümleriniň adamzada garşy jenaýat bolup biljekdigini we mundan aňryk hem derňelmelidigini aýtdy.

Üç sany garaşsyz adam hukuklary hünärmeninden ybarat bolan komissiýa, Russiýanyň sebäpsiz çozuşy başlanandan gysga wagt soň, adatdan daşary çekişme wagtynda döredildi.

XS
SM
MD
LG