Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina ÝB-niň gümrük paçlary boýunça söwda ýeňillikleriniň möhletini uzaltmagyny mübärekledi


Daýhanlar Warşawada Polşanyň premýer-ministri Donald Taskyň edarasynyň daşynda Ýewropa Bileleşiginiň "Ýaşyl ylalaşyga" we ukrain oba hojalyk önümleriniň importlaryna garşy ýöriş geçirýärler. 6-njy mart, 2024 ý. Warşawa, Polşa.
Daýhanlar Warşawada Polşanyň premýer-ministri Donald Taskyň edarasynyň daşynda Ýewropa Bileleşiginiň "Ýaşyl ylalaşyga" we ukrain oba hojalyk önümleriniň importlaryna garşy ýöriş geçirýärler. 6-njy mart, 2024 ý. Warşawa, Polşa.

Premýer-ministr Denys Şmyhal Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainada öndürilen oba-hojalyk önümlerine degişli gümrük paçlarynyň ýatyrylmagyny 20-nji martda bir ýyl möhlet bilen uzaltmak barada kabul eden deslapky kararyny mübärekledi.

“Brýusselden gowy habar. Ýewropa Geňeşi we Parlamenti Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine iberýän eksport harytlaryna degişli gümrük paçlarynyň we kwotalarynyň ýatyrylmagyny 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli bir ýyl möhlet bilen uzaltmak barada deslapdan ylalaşdy. Ukraina bildirýän sarsmaz goldawlary üçin [Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis] Dombrowskise, Ýewropa Geňeşine, Ýewropa Bileleşigindäki belgiýa prezidentligine we Ýewropa Parlamentine minnetdar” diýip, Şmyhal X ulgamynda, öňki Twitterde ýazdy.

Ýewropa Parlamenti we Geňeşi 20-nji martda beren beýanatynda ykdysadyýeti Russiýanyň esassyz çozuşyndan agyr zyýan çeken Ukraina boýunça erkin söwda çärelerini uzaltmak babatynda gepleşikçileriň deslapdan ylalaşyk gazanandyklaryny aýtdy.

Bu karar Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji organy bolan Ýewropa Komissiýasynyň ýanwarda Ukraina gümrük paçlary boýunça ýene bir ýyl möhlet bilen söwda ýeňillikleriniň berilmegini ileri sürenden soňra kabul edildi.

“Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine oba hojalyk eksportlary boýunça gümrük paçlarynyň we kwotalaryň ýatyrylmagy, Russiýanyň dowam etdirýän uruş argressiýasynyň fonunda Ukraina hemaýat bermek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunyna çenli ýene bir ýyl möhlet bilen uzaldylar” diýip, Ýewropa Parlamenti we Geňeşi bilelikdäki beýanatda aýtdylar.

Ylalaşyk guş eti, ýumurtga, şeker, süle, mekgejöwen, bal we ýarma ýaly harytlar aşa köp möçberlerde import edilen halatynda “gyssagly çäreleriň” girizilmegini hem göz öňünde tutýar.

“Gyssagly çäreler işe girizilende 2022 we 2023-nji ýyllara salgylanylar, ýagny bu önümleriň import möçberleri iki ýylyň ortaça import möçberlerinden aşsa, tarifler gaýtadan güýje giriziler” diýip, beýanatda aýdylýar we ukrain ununyň importy aşa ýokarlanan halatynda komissiýanyň herekete geçmäge berk ygrarlydygy bellenýär.

ÝB ýurtlarynda daýhanlaryň arzan ukrain importlary boýunça geçirýän protestleriniň yzysüre, komissiýa “ÝB bazarynda ýa-da Ýewropa Bileleşiginiň bir ýa-da birnäçe ýurdunyň bazarlarynda ukrain importlary zerarly möhüm päsgelçilik ýüze çykan halatynda özüniň zerur hasaplan islendik çäresini dessin işe girizjekdigini” wada berdi.

20-nji martda yglan edilen ylalaşyk Ýewropa Parlamenti we 27 agzaly bileleşigiň hökümetleri tarapyndan tassyklanar.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Russiýanyň Saratow sebitiniň häkimi 20-nji martda Engels şäheriniň asmanynda, Ukraina garşy hüjümlerde ulanylýan strategiki bomba uçarlarynyň saklanýan ýeri bolan bir howa bazasynyň golaýynda dron hüjüminiň yza serpikdirilendigini aýtdy.

Adam ýitgileri ýa-da çekilen zyýan barada bada-bat habar bolmady diýip, häkim Roman Busargin Telegramda ýazdy.

Engelsiň ýaşaýjylary şäherde dört sany partlamanyň bolup geçendigini sosial mediada habar berdiler. Russiýanyň Goranmak ministrligi Saratow sebitinde dört, Belgorod sebitinde bir ukrain dronynyň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Ukrain serhedinden 700 km çemesi aradaşlykda ýerleşýän Engels şäheri 2022-nji ýylda hem hüjümler bilen nyşana alnypdy.

Rus zarbalary 20-nji martda irden Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitinde azyndan bäş adamy ýaralady we birnäçe ýaşaýyş binalaryna zyýan ýetirdi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak Telegramda aýtdy.

Ol şikeslenen adamlaryň arasynda iki ýetginjegiň, bir oglanyň we bir gyzyň, bolandygyny aýtdy. Lysak Synelnýuk etrabyna urlan zarbada şikes alan ýene bir aýalyň, häzir keselhanada agyr ýagdaýdadygyny hem belledi.

Bulardan başga-da, ukrain harbylary 20-nji martda soňky 24 sagadyň dowamynda dokuz sebitde – Çernihiw, Sumy, Harkiw, Luhansk, Zaporižýa, Dnipropetrowsk, Herson we Mykolaýiw sebitlerinde – 150 ilatly ýeriň rus zarbalarynyň astynda galandygyny aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG