Türkmenistanda ýiti dem alyş ýokançlygynyň alamatlary bilen geçýän kesel çagalaryň arasynda çalt ýaýraýar. Maryda hassahanalarda näsag aşa köp, ýerli gonamçylyklarda çagalaryň täze mazarlarynyň sany artýar. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary sebitdäki ýagdaýlar barada maglumat berýärler.
Birnäçe hepdäniň içinde Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynda gonamçylyklarda köp sanly täze mazar peýda boldy. Ölenleriň arasynda kiçi ýaşly çagalar köp.
"Gonamçylykda aýlanyp görseňiz, täze kiçijik mazarlar göze ilýär. Olaryň sany köp. Gonamçylyk işgärleri, olaryň köpüsiniň 5 ýaşa çenli çagalardygyny aýdýarlar. Olar koronawirus pandemiýasyndan bäri beýle bolmandygyny aýdýarlar" diýip, ýerli habarçymyz gonamçylyklarda görenlerini gürrüň berdi.
Ölümleriň köpelmegi hatda gonamçylyk işgärlerinde hem alada döretdi.
"Şu günler çagalar yzygiderli jaýlanýar. Näme bolýanyny göz öňüme getirip bilemok. Käbir çagalar ulular ýaly jaýlanýar, köp adam gatnaşýar. Käwagt adamlar kän däl 10 adam çemesi gatnaşýar. Käbir çagalar kiçijik" - diýip, gonamçylyklaryň birinde işleýän işçi adynyň agzalmazlygy şerti bilen aýtdy.
Marydaky birnäçe gonamçylyga baryp gören habarçynyň sözlerine görä, çaga mazarlarynyň birden köpelmegini görmän bolmaýar.
Häzirki wagtda ýiti dem alyş keselleriniň alamatlary bilen geçýän kesele ýolugan näsag çagalaryň köp bolmagy sebäpli hassahanalarda boş ýer ýok. Lukmanlar hassalaryň köpelmegi zerarly hemmesine kömek berip ýetişmeýärler we käbir ýagdaýlarda nädip bejerjegini bilmeýändiklerini boýun alýarlar.
"Adamlar alada galýarlar, çagalar hassahanalara düşýärler, lukmanlar bolsa, nädip bejerjegini bilenoklar. Käbir ýagdaýlarda dermanlar we bejergiler kömek etmeýär. Biz nädip bejerjegimizi bilemzok. Indi koronawirus döwründe bolşy ýaly wirusdan ýaňa boş ýer ýok, reanimasiýa bölümlerinde adam köp, kislorod berýän enjamlar boşap galdy we dermanlar kän bir kömek etmeýär"- diýip, hassahanalaryň biriniň lukmany gürrüň berdi.
Ýurduň häkimiýetleri keselçiligiň artmagy barada hiç hili düşündiriş bermediler. Bu aralykda bolup geçýän wakalar ilatyň arasynda howsala döredýär. Sagdyn çagalaryň ene-atalary keseliň ýokaşmagyndan gorkýarlar, hassa çagalaryň ene-atalary bolsa olaryň aman galmagy ugrunda tagalla edýärler.
"Keselhanada ýeriň ýokdugyny aýtdylar we çagany öýde bejermegi maslahat berdiler. Hatda hassahanada hem kömek etmegiň mümkin däldigini, her gün birnäçe çaganyň ölýändigini aýtdylar" - diýip, Baýramalynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň çagalaryny öýde bejermäge synanyşmagy diňe bir lukmançylyk edaralaryndaky ýer ýetmezçiligi bilen bagly däl, maşgalalaryň ençemesinde hassahanada bejergi çykdajylaryny tölemäge puly ýok.
"Ene-atalaryň ençemesinde, hatda derman satyn almaga-da serişde ýok. Käbirleri spirtli kompres, ýod torlary ýaly ussullary ulanyp, süýt we bal berip, çagalaryny bejermäge synanyşýarlar. Käbirler çagasyny lukmanlara görkezmek üçin karz alýar. Çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň öz perzentlerini bejermek üçin görýän görgülerine ýüregiň awaýar"- diýip, maryly lukman aýdýar.
Habarçynyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler dümewiň ýaýramagyna garşy entek hiç hili çäre görmändir. Sebitiň ýaşaýjylarynyň ençemesi keselçilikden howatyrlanyp, çagalarynyň köpçülik ýerlerine, şol sanda mekdeplere we çagalar baglaryna barmagyny çäklendirýärler.
Dem alyş ýollaryna zeper edýän kesel Aşgabatda-da köpelýär. Paýtagtyň hassahanalary, şol sanda Baba Annanow köçesindäki çagalar hassahanasy ýiti dem alyş ýollarynyň ýokançlyklary bilen kesellän hassalardan doldy. Keseliň esasy alamatlary güýçli üsgülewük, ýokary gyzgyn we öýken çişmesi.
"Lukmanlar sowuklama diýip diagnoz goýýarlar, ýöne alamatlaryň koronawirusa meňzeýändigini aýdýarlar. Dermanlar temperaturany peseltmäge kömek etmeýär, käbir çagalar kislorod enjamyna çatylmaly bolýar. Çaga her gün diýen ýaly ölýär" - diýip, paýtagtda lukmanlary bilen söhbetdeş bolan Aşgabatdaky habarçy aýdýar.
Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň saglyk resmilerinden resmi görnüşde düşündiriş alyp bilmedi.
Dem alyş ýollarynyň epidemiýasy Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da ýüze çykýar we şonuň üçin hökümetler epidemiýa garşy çäreleri güýçlendirýär.
Dekabr aýynda Gyrgyzystanda ýüzlerçe bilim edarasy ýapyldy, grip we dümew keselleriniň ýaýramagy sebäpli mekdepleri onlaýn tertibine geçirildi. Täjigistan koronawirusyň gaýdyp gelmeginden howatyrlanma bildirdi. Özbegistan, sebitde dem alyş ýokançlygynyň ýaýramagynyň fonunda, Türkmenistan bilen serhetdäki barlag nokatlarynyň birini wagtlaýyn ýapdy.
Türkmenistanyň hökümeti keselçilik statistikasyny çap etmeýär. Häkimiýetler ýurtda COVID-19 ýokaşan ýekeje hadysanyň-da hasaba alynmandygyny öňe sürdüler.
Bu aralykda, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň pandemiýa döwründe ýurtda COVID-19 keseliniň bolandygyny gytaklaýyn boýun alandygyny belleýär.
Neşir arap metbugatyna salgylanyp, 5-nji ýanwarda "Dragon Oil" -iň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Seýd Al Taýer bilen gepleşik geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň "COVID-19" pandemiýasyndaky goldaw üçin "Dragon Oil"-a minnetdarlyk bildirendigini ýazdy. Türkmen ýolbaşçysynyň sözlerine görä, kompaniýa 19 sany tiz kömek enjamyny beripdir we koronawirusa ýokaşan näsaglary bejermek üçin üç klinika bilen üpjün edipdir.
Pandemiýa döwründe Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek üçin dürli ýurtlardan köp sanly kömek aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum