Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çaga hukuklaryny durmuşa geçirmegiň plany tassyklanyldy


Işikde oýnaýan çagalar
Işikde oýnaýan çagalar

“Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy.

Azatlygyň Türkmenistanda dilegçilik edýän, suw soraýan çagalaryň köpelýändigi barada beren habarynyň yz ýanyndan kabul edilen karar, TDH-nyň habarynda aýdylmagyna görä, çaga hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.

Şeýle-de, täze karar çagalaryň hukuk goragyny, olary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmaga kömek etmeli.

Garaşsyz metbugatda, sosial ulgamlarda peýda bolýan habarlarda aýdylmagyna görä, Türkmenistandaky garyplyk şertlerinde ulalýan deňsizlik we korrupsiýa ýagdaýlary çagalaryň gowy bilim almagynda uly päsgelçilik döredýär, çaga zähmetiniň bikanun ulanylmagynyň köpelmegine sebäp bolýar.

Türkmen metbugaty ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şol sanda pes girdejili maşgalalarda çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary, ýurtda köpelen çaga dilegçiligi, ogurlyklary hakynda maglumat bermeýär.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derejesi, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen, daşary ýurtlara işlemäge giden ene-atalaryň yzynda galan çagalaryň sany, olara döwlet tarapyndan berilýän anyk kömek baradaky maglumatlary çap etmeýär.

XS
SM
MD
LG