Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dilegçilik edýän, suw soraýan çagalar 'köpelýär'


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, ýurtda dilegçilik edýän, hususan-da, şäherara we etrabara awtoulag ýollarynyň ugrunda sürüjilerden çörek we suw soraýan çagalar köpelýär. Bu barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär.

“7-14 ýaş aralygyndaky köp çaga Aşgabat-Bäherden awtoulag ýolunyň ugrunda dilegçilik edýär. Olaryň hemmesi golaý-goltumdaky obalarda ýaşaýandyklaryny aýdýar” diýip, neşir ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 13-nji iýunda çap eden maglumatynda aýdýar.

Çagalar sürüjilerden diňe bir çörek däl, eýsem suw hem soraýarlar. Olar ýoldan geçip barýan ulaglaryň sürüjilerine boş plastmassa gaplary görkezýärler. Çagalar sürüjilere ýerli ýaşaýjylaryň içimlik suw alýan çeşmeleriniň gurandygyny aýdýarlar.

“Uzakdaky käbir suw çeşmeleri saklanyp galypdyr, bu ýerde mallar suwa ýakylýar. Bu çeşmäniň suwundan içen adamlaryň garny agyrýar” diýip, neşir çeşmesiniň sözüni sitirleýär.

Çagalaryň goşmaça gazanç gözleýändigi, suw soraýandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem maglumat berip gelýärler. Maý aýynyň ahyrynda ýerli çeşmelerimiz Mary-Türkmenabat ýolunda çagalaryň sürüjilere boş plastmassa gaplary görkezýändigini we olardan içimlik suw soraýandygyny gürrüň beripdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän ýük ulag sürüjileriniň soňky hepdelerde sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynda-da ýurduň awtoulag ýollarynyň ugrunda boş plastmassa gaplaryny galgadyp, suw soraýan ýaşaýjylary, şol sanda çagalary görse bolýar.

Bu maglumatlar Türkmenistanda ýyllarboýy dowam edýän suw üpjünçiliginiň soňky birnäçe ýyl bäri ýitileşýän, ekerançylyk we agyz suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan mahalyna gabat gelýär.

“Turkmen.news” neşiri köçelerde, bazarlaryň we restoranlaryň töwereginde-de dilegçilik edýän çagalaryň köpelendigini aýdýar. Şol bir wagtda, ýetginjekler bolsa, köplenç dilegçilik etmegiň deregine nähilidir bir usul bilen zähmet çekip, öz pullaryny gazanmaga synanyşýarlar.

Neşir dilegçilik edýän ýa-da goşmaça gazanç gözlegindäki çagalaryň köpelmeginiň sebäbini ýurduň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen baglanyşdyrýar. Bellesek, mekdeplerde tomusky dynç alyş möwsümi iýunyň başyndan awgustyň ahyryna çenli dowam edýär.

Türkmenistanda ykdysady krizisiň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, çagalaryň dynç almak mümkinçilikleriň ýylyň-ýylyna çäklenýär. Tomusky dynç alşynda köp çaga maşgala eklenjine kömek üçin zibil çeleklerinden plastmassa gap, kagyz çöpleýär, bazarlarda araba sürmek, awtoýuwalgalarda maşyn ýuwmak bilen meşgullanýar, käbirleri dilegçilik edýär.

Çagalaryň gazanç etmek üçin işleýän döwründe olaryň betbagtçylyga uçrap, heläk bolmagy ýaly wakalaryň hem ýüze çykýandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigi” aýdylsa-da, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG