Türkmenistanda ýanwar aýynyň başyndan alkogolly içgileriň bahasy duýdansyz 20-30 göterim gymmatlady. Bu esasan ýerli çakyr kärhanalarynyň önümlerinde göze ilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 9-njy ýanwarda Mary we Lebap welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Döwlet dükanlarynda 21 manatdan satylan ýerli arzan araklar 31 manada gymmatlady. 1 çüýşe arassa arak dekabryň aýagynda 30 manat bahalanan bolsa, häzir 42 manada ýokarlanypdyr” diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.
Lebapdaky habarçymyz gymmatlamanyň 40-a golaý alkogolly içgilere täsir edendigini habar berýär.
“Geçen aý 30 manatdan satylan araklar indi 35 manat, 60-70 manatdan satylan araklar häzir 80 manat bahalanýar” diýip, habarçymyz belledi.
Gymmatlaýyş we onuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Azatlyk bu barada ýerli söwda edaralaryndan kommentariý hem alyp bilmedi.
Ýöne telekeçiler gymmatlamanyň sebäbini ýurtda import edilýän alkogolly önümleriň gümrük salgydynyň, goşmaça töleginiň ýokarlandyrylandygy bilen düşündirýärler.
“Çakyr öndürýän ýerli kärhanalar alkogolly içgileri öndürmek üçin import edilen alkogolly önümlerden peýdalanýarlar. Bu önümleriň gümrük töleginiň ýokarlandyrylmagy ýerli alkogolly içgileriň bahalarynyň gymmatlamagyna getirdi” diýip, Türkmenabat şäherinde alkogolly içgileri satýan telekeçi anonim şertde gürrüň berdi.
Türkmenistanda import edilýän alkogolly içgileriň goşmaça tölegleriniň ýokarlandyrylandygy barada ýurduň resmi mediasynda we hökümete tarapdar neşirlerde häzirlikçe maglumat göze ilmeýär.
Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi nobatdaky gymmatlamanyň ilatyň ýasama araklary has köp öndürmegine we ondan peýdalanmagyna getirjekdigine ynanýandygyny aýdýar.
“Aragyň nyrhyny galdyranyň bilen, adamlar arak içmäni goýmaýarlar. Gaýtam, hil taýdan pes, zyýanly ýasama araklary içip, zäherlenýänler köp bolar. Ine, çilimiň nyrhyny hem galdyrdylar. Ýöne bu adamlaryň temmäki önümlerini çekmegi bes etmegine getirmedi. Gaýtam, olaryň arzan we zyýanly mahorkany, näbelli çöplerden öndürilen çilimleri çekmegine we saglygyna zyýan ýetirmegine we öýken keselleri bilen kesellemegine getirdi” diýip, bu ýagdaýlara syn edýän maryly ýaşaýjy belledi.
Habarçylarymyz soňky ýyllarda, ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň agyrlaşmagynyň arasynda, alkogolly içgileri içýän adamlaryň göz-görtele köpelendigini hem synlasa bolýandygyny aýdýarlar.
“Olaryň arasynda aragy aşa içip, özlerini araga berýänler hem köp. Bu adamlaryň arasynda maşgalasyny bozýanlar hem kän. Olar içip gelip, maşgalasyna azar berýärler. Käbir maşgalalar bu zuluma çydaman, içýän adamy polisiýa tabşyrýarlar we bir-iki ýyl tussaglyga höküm etdirýärler” diýip, lebaply habarçymyz belledi.
Türkmenistanda alkogol önümleriniň bahasy soňky gezek geçen ýylyň başynda gymmatlapdy. Bu waka, ýurtda daşary döwletlerden getirilýän alkogol önümleri üçin salynýan gümrük tölegleriniň möçberiniň tas iki esse ýokarlanmagy bilen utgaşypdy.
Geçen ýylyň martynda Marydaky habarçylarymyz alkogolly içgileriň gymmatlamagyndan soň, sebitde spirtli içgileriň ýasama görnüşleriniň we bulardan zäherlenýänleriň köpelýändigini habar beripdiler.
Türkmenistanyň hökümeti alkogol önümleri boýunça import-eksport maglumatlaryny, şeýle-de spirtli içgileriň harçlanyşy boýunça sanlary, alkogola ýolugan adamlaryň näçesiniň hasaba alnandygyny äşgär etmeýär. Azatlygyň munuň bilen bagly soraglaryny hem jogapsyz goýýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum