Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana ýüzlerçe gülgüne flamingo gyşlamaga geldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Ýüzlerçe gülgüne flamingo Türkmenistanyň deňiz kenarynda ýerleşýän Hazar döwlet goraghanasyna gyşlamaga gelýär diýip, rus metbugaty habar berýär.

Türkmen metbugaty ýurduň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň güýz we gyş möwsümlerinde hemişeki gyşlaýan ýerlerine dolanýandygyny belleýär.

Türkmenistanda we GDA ýurtlarynda flamingonyň bir görnüşiniň — gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän adaty flamingonyň köp duşýandygy aýdylýar.

Bu guşlary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Olaryň höwürtge edinip, nesil öndürýän ýerleri hem şol ýerler bolup durýar.

XS
SM
MD
LG