Geçen hepdäniň şenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Maryda, kemçilikler üçin, bäş etrabyň häkimini, welaýatyň, bir şäheriň we bir etrabyň häkiminiň orunbasarlaryny işden boşatdy. Şeýle-de ol welaýat, etrap we şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 11-sine käýinç we berk käýinç berendigini aýtdy.
Käbir türkmenistanlylar ýurtdaky welaýat, şäher, etrap häkimleriniň ýa-da olaryň orunbasarlarynyň ilaty kabul etmeýändigini, olaryň arz-şikaýatyny diňlemeýändigini habar berýärler.
Şeýle ýaşaýjylardan biri Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden özüni Gülsoltan diýip tanyşdyran öý hojalykçy zenan. Ol bu barada Azatlyk radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.