Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Çilim döwlete degişli dükanlarda-da tapdyrmaýar”


TÜrkmenistandaky dükanlaryň birinde "Çilimiň ýokdugy" barada ýazylan bildiriş.
TÜrkmenistandaky dükanlaryň birinde "Çilimiň ýokdugy" barada ýazylan bildiriş.

Şu günler Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki hökümete degişli dükanlarda çilim gytçylygynyň dörändigi, ýagny olaryň o diýen tapdyrmaýandygy habar berilýär. Indi bir aý çemesi wagt bäri dowam edýän bu gytçylygyň näme sebäpden dörändigi barada maglumat berilmeýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýaryny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi.

Bu kararyň güýje girmegi bilen çilim söwdasy bilen meşgullanýan dükanlaryň ençemesi ýapyldy.

Azatlyk radiosy Türkmenabat şäherinde dörän soňky çilim gytçylygy barada habarçysy Röwşen Çaryýew bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:16 0:00

XS
SM
MD
LG