Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) hukuk binýadyny berkitmek boýunça konwensiýasyna goşulmak mümkinçiligini öwrenýär diýip, türkmen metbugaty ýurduň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Daşary syýasat ýolbaşçysy Raşid Meredow 27-nji fewralda HZG-niň baş müdiriniň kömekçisi Beata Andres bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda bu meseläni ara alyp maslahatlaşypdyr.
Habarda aýdylmagyna görä, türkmen tarapy bu ugurda zähmet guramasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda tälimçillik we okuw maslahatlaryny gurnamagy teklip edýär.
Taraplar duşuşykda geçen ýylyň dowamynda bu ugurda Türkmenistanda alnyp baran işlerine seredipdirler hem 2025-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitläpdirler.
Türkmenistan, hususan-da, pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär.
Munuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlar 2018-nji ýylyň maýynda, mejbury zähmet aladalaryna salgylanyp, türkmen pagtasynyň hem-de ondan öndürilen önümleriň Birleşen Ştatlara import edilmegini gadagan etdi.
Halkara zähmet guramasy zähmet ülňüleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça ýöriteleşdirilen BMG edarasydyr.