Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan CITES konwensiýasyna goşuldy


Türkmenistan, Aziýa gulany, şa bürgüdi we pars gaplaňy ýaly, Gyzyl kitaba girizilen köp jandaryň mekany hasaplanvar
Türkmenistan, Aziýa gulany, şa bürgüdi we pars gaplaňy ýaly, Gyzyl kitaba girizilen köp jandaryň mekany hasaplanvar

Türkmenistan Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky konwensiýa (CITES) goşulan 185-nji ýurt boldy diýip, “Biznes Türkmenistan” CITES konwensiýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Tebigy landşaftlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýän Türkmenistan, Aziýa gulany, şa bürgüdi we pars gaplaňy ýaly, Gyzyl kitaba girizilen köp jandaryň mekanydyr diýip, habarda bellenýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow tassyklamagyna görä, “Türkmenistan ýabany tebigaty gormaga gönükdirilen halkara konwensiýalarynyň ählisine diýen goşuldy”.

CITES konwensiýasynyň baş sekretary Iwonn Higero Türkmenistanyň bu ädiminiň ähmiýetini belläp, munuň konwensiýanyň halkara giňişligindäki täsiriniň artýandygyna şaýatlyk edýändigini aýdypdyr.

1973-nji ýylda döredilen CITES konwensiýasy ýabany haýwanlaryň we ösümlikleriň 40 müň 900-den gowrak görnüşiniň halkara söwdasyna gözegçiligi we olary bikanun söwdadan goramaklygy üpjün edýär.

XS
SM
MD
LG