“Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary 2025-nji ýylyň 30-nji apreline çenli ýatyryldy. Bu barada kompaniýa özüniň sahypasynda bildiriş çap etdi.
Satyn alnan biletleriň pullaryny yzyna gaýtaryp almak üçin kompaniýa bilen habarlaşmak maslahat berilýär.
Uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar.
Geçen ýylyň ahyrlarynda Azerbaýjan howaýollary kompaniýasynyň Russiýa barýan uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde howa heläkçiligine uçramagynyň yz ýany, Türkmenistanyň milli daşaýjysy 30-njy dekabr – 31-nji ýanwar aralygynda Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlaryny togtadypdy.
Soňra bu ýagdaý birnäçe gezek uzaldyldy.