Türkmenistanda çilim söwdasy häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. Munuň netijesinde şu günler çilim ýene-de satuwda azaldy ýa-da ýok boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenbaşyda çilim satýan dükanlarda reýd geçirilendigini habar berýärler.
Çilimiň dürli görnüşlerini satýan hususy dükanlaryň tas ählisinde, şol sanda "Gülälek", "Ýedi gün", "Aşgabat", "Şanly", "Bahar", "Çynar" atly dükanlarda temmäki önümleri doly satuwdan aýrylypdyr.
Bu barada 26-njy oktýabrda maglumat beren Azatlygyň ýerli habarçysy munuň dükanlarda geçirlen barlaglar bilen baglydygyny aýtdy: "Dükanlarda ýekeje däne çilim tapylmaz derejä çenli barlap, tapylan çilimler döwlet haýryna geçirildi, dükan eýelerini hem uly jerime tölemeli etdiler".
Türkmenbaşynyň hususy dükanlarynda reýdler şu hepdäniň sişenbe gününden geçirlip, başlanypdyr. Barlaglar şäherde temmäki önümleriniň söwdasy bilen meşgullanýan hususy dükanlarda geçirilipdir.
Hususy dükanlara çilim satmak gadagan edilýär. Çilimiň söwdasyna degişli ähli meseleler döwletiň garamagynda galýar.
Döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy çäkli möçberde amala aşyrylýar, adam başyna diňe bir ýa-da iki guty çilim satylýar. Bu ýagdaýda hususy söwda nokatlarynda çilimiň söwdasy gizlin görnüşde alnyp barylýar.
Türkmenbaşydaky habarçymyz şäherde geçirilýän häzirki reýdleriň netijesinde çilimiň gytalandygyny we gymmatlandygyny habar berdi: "Bu reýdleriň netijesinde käbir hususy taraplardan çilimi tapsa bolýar, emma ozal gutusy 70 manat bahalanan çilimler indi 100 manada, öň 80 manat bolan çilimler 125 manada çenli gymmatlady.
Türkmenistanyň hökümeti ýurdy 2025-nji ýyla çenli temmäkiden doly azat etmek planyny yglan edensoň çilimkeşlere we çilim söwdagärlerine wagtal-wagtal basyşy güýçlendirýär.
Çeşmeler, häzirki tapgyrlaýyn reýdleriň güýçlenmegini bu senäniň golaýlamagy bilen baglanyşdyrýarlar we 2024-nji ýylda temmäkä garşy göreşiň has uly göwrümde alynyp baryljagyny aýdýarlar. Çilim satýan hususy dükanlara garşy reýdler tomus aýlarynda Lebap welaýatynda hem geçirilipdi.
Çilim satýan dükanlardaky barlaglara polisiýanyň we salgyt edaralarynyň işgärleri gatnaşýar.
Ýurtda çilim gytçylygy ençeme ýyl bäri saklanýar, çilimkeşlere dürli gadagançylyklar girizildi. Emma bu çilim çekilmegini azaltmaýar, çilimkeşlikden saplanmak ýaly sagdynlyk maksatlary iş ýüzünde orun tapmaýar.
"Döwlet näçe çilimkeşlige garşy göreş alyp barsa-da, diňe bir taraplaýyn. Döwlet diňe öz bähbidini bilýär, halky, raýatlary barada pikir etmeýär. 50 ýyl bäri çilim çekip gelýän raýatlar bar olar bir bada çilimi goýup bilmeýär. Medisina kömegi gerek ýa-da dermanhanalarda nikotinli sakgyç, tabletka, plaster ýaly zatlar satylmaly. Ýöne bu serişdeler Türkmenistanyň ýekeje dermanhanasynda hem ýok. Diňe gadagan etmek bilen ýagdaýa çemeleşýärler" diýip, Azatlyk bilen gürleşen türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanda çilime garşy göreş 2016-njy ýylda güýçlendi. Şol ýylyň başyndan bäri ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy ýiti çäklendirildi, bu babatda ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum