Türkmenistanda alkogol we temmäki önümleriniň ýurda getirilmegine degişli goşmaça salgytlaryň möçberi ýene artdyryldy. Şeýle-de, temmäki önümleriniň satuwyna degişli ýaş çäklendirilmesi ýokarlandyryldy. Bu waka ýurtda temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyna gözegçiligiň gaýtadan güýçlenmeginiň we çilimiň bahasynyň gymmatlamagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Täze üýtgetmeler Türkmenistanyň "Salgytlar hakyndaky" we "Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky" kanunlaryna girizildi.
Kanunlaryň täze görnüşleri ýurduň metbugat serişdelerinde 30-njy noýabrda çap edildi we şol günden başlap güýje girdi.
"Salgytlar hakyndaky" kanunyň 119-njy maddasy:
- Türkmenistanyň çägine getirilýän alkogol önümleri üçin salynýan goşmaça tölegler 53% -den 61%-e artdyryldy.
- Temmäki önümleri üçin salynýan goşmaça tölegler 93% -den 116%-e artdyryldy.
- Ýurtda öndürilýän güýçli alkogolly içgiler üçin salynýan goşmaça salgydyň möçberi 67%-den 77%-e artdyryldy.
"Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky" kanunyna girizilen üýtgetmelere görä, temmäki önümleriniň satuwyna degişli ýaş çäklendirilmesi 18 ýaşdan 21 ýaşa ýokarlandyryldy.
Bu waka türkmen häkimiýetleriniň ýurtda temmäki we alkogol önümleriniň söwdasyna gözegçiligi gaýtadan güýçlendirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Munuň çäginde temmäki önümleri we spirtli içgileri satylýan hususy dükanlara köpçülikleýin reýd geçirildi.
Sentýabr we noýabr aýlarynda geçirilen dürli reýdlerde ygtyýarnamasyz söwda edýän telekeçilere müňlerçe manat möçberinde jerime salyndy.
Bu çäreleriň fonunda, Balkan welaýatynda daşary ýurtlardan import edilýän çilimleriň bahasy birden 25% gymmatlady. Şonda telekeçiler bahalaryň we gymmatlamalaryň özleri tarapyndan kesgitlenmeýändigini aýtdylar.
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden azat etmek ugrunda tagalla edýändigini aýdýar. Şu ýylyň fewralynda Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy.
Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan çilimkeşler häkimiýetler ‘ýurdy çilimden azat etjek’ diýip, diňe gadagançylyk girizýärler we çilimi taşlap bilmeýänlere başga hiç hili alternatiwa hödürlemeýärler diýip, nägilelik bildirýärler.
"Bahalar keýgiň şahyna çykdy. Muňa garamazdan, çilim iň geçginli harytlaryň biri bolmagynda galýar. Sebäbi salgytlar artdyrylyp, bahalar ýokarlandyrylsa-da, çilime tabyn bolan adamlar çagalaryny çörekden kesip, çilim satyn alýarlar. Häkimiýetler bahalary we salgytlary ýokarlandyrmagyň deregine, ilata çäkli möçberde çilimi paýok görnüşinde berip, adamlaryň gündelik çekýän çilimini ýuwaş-ýuwaşdan azaldyp bilerdi" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde belledi.
Bellesek, nobatdaky ýokarlandyrmalar, Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan salgydyň möçberiniň artdyrylmagy bilen bagly soňky dört aýyň dowamynda bolan ikinji wakadyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum