Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat: Ýagyş suwlary şäher infrastrukturasyna agram saldy


Ýagyş suwlary howly jaýlara zyýan ýetirýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. 22-nji fewral, 2015 ý. Lebap welaýatynda bir ýaşaýyş jaýy.
Ýagyş suwlary howly jaýlara zyýan ýetirýär. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy. 22-nji fewral, 2015 ý. Lebap welaýatynda bir ýaşaýyş jaýy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 29-nji ýanwara geçilen gije daňdan sagat 5:00 töwereklerine çenli ýagan güýçli ýagyş şäher infrastrukturasyna agram saldy. Günorta welaýatyň sebit merkezinde şäher infrastrukturasynyň amatsyzlygy, şol sanda kadaly işleýän sil suwlaryny sowujy toplumlaryň bolmazlygy ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyny kynlaşdyrdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebap welaýatyndan habar berýär.

Tas bir gije-gündizläp dowam eden ýagyş şäheriň köçelerinde toplandy. Şäheriň Jemagat gullugy ýörite awtoulaglar bilen ýagyş suwlaryny sordurmaga çalyşdy. Ýagyş suwlary akabalara daşaldy. Ýöne bu ýeterlik bolmady.

“Tutuş Türkmenabat boýunça ýagyş suwlarynyň tas 10 göterime golaýy çekilip alnan hem bolsa, tonnalarça suw köçelerde galdy” diýip, bir ýerli hünärmen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne ygally howa diňe bir şäher ýollaryna agram salman, eýsem elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde hem bökdençlik döretdi.

“Ýagyş ýaganda Türkmenabat şäherinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi bölekleýin kesildi” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gijelerine ýagtylandyrylýan iri köçeler garaňkyda galdy. Käbir köçelerde çyra sütünleri kadaly işlemedi, çyralar yzygiderli ýanyp-sönüp oňaýsyzlyk döretdi.

Bir gije-gündizläp dowam eden ýagyş asfalt ýollara-da ýaramaz täsir etdi. Gara ýollar zaýalandy.

Bir şäher ýaşaýjysy bir köçäniň ugrunda ýagyş suwlarynyň ýoluň sag kenaryna üýşendigini, ulaglaryň ählisiniň suwdan sowlup geçmek üçin, ýoluň çep kenaryny saýlap alýandygyny gürrüň berýär.

Şäherde zeý suwlaryny sorujy desgalar hem hatardan çykyp, 24 sagat töweregi dowam eden ýagynly howanyň agramyna döz gelip bilmedi.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan bir hünärmen zeý suwlaryny sorujy desgalardaky nasoslaryň hereketlendirijileriniň ýylda bir gezek çalyşylmalydygyny, ýöne Türkmenabatda welin, nasoslaryň motorlarynyň ençeme ýylda bir gezek çalyşylýandygyny aýdýar.

“Zeý suwlaryny sorujy nasoslar gije-gündiz işleýär. Şonuň üçin, olar ýylda bir gezek çalyşylmaly” diýip, hünärmen aýdýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylar ýurduň dürli şäherlerinde, şol sanda Türkmenabatda yzygiderli hatardan çykýan lagym ulgamlary, könelişen infrastruktura desgalary barada yzygiderli habar berýärler.

Soňky sapar Azatlyk Radiosynyň habarçysy dekabryň başynda şäheriň tapdan düşen lagym ulgamlarynyň sandan çykýandygyny habar berdi.

Türkmen mediasy dekabryň ahyrynda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin täze lagym sorujy stansiýanyň açylandygyny habar berdi.

Sebit merkeziniň ýaşaýjylary soňky ýyllarda gündogar sebitde howa şertleriniň kadasyzlaşýandygyny aýdýarlar. Ýatlasak, bu sebitde 2020-nji ýylyň aprelinde adam pidalaryna getiren betbagtçylykly harasat bolup geçdi. Döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri adatdan daşary howa şertleri barada habar bermeýär.

Şeýle-de, ýurduň ähli sebitlerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde Sowet ýyllaryndan galan infrastruktura desgalaryndan peýdalanylýar. Bu bolsa adatdan daşary howa şertlerinde üpjünçiligi bökdeýär.

Soňky ýagyşda Türkmenabat şäheriniň demirgazyk böleginde ýerleşýän Magtymguly, Garaşsyz diýar we Şabende köçeleriniň ugrundaky howly jaýlary suw basdy.

Ýerli ýaşaýjylar ýörite suw sorujy awtoulaglar bilen howlusyndaky ýagyş suwlaryny sordurmaga çalyşýarlar. Pes ýerlerde ýerleşýän hojalyk jaýlaryň howlularyny suw basypdyr.

“Ýöne ýagyş suwlary heniz doly çekilip çekilmänkä, goňşynyň howlusyna ýygnalan suw gelip biziňkä guýýar” diýip, bir howly jaýyň ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosy ygally howa we onuň şäher infrastrukturasyna ýetiren ýaramaz täsirleri barada Türkmenabadyň şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG