Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çüýrän turbalar sebäpli şäher ilaty uzak wagtlap suwsuz we ýyladyşsyz galýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň ilaty gyş aýlarynda-da agyr suw ýetmezçiligi meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, emma muňa jaýlary ýylatmak meselesi hem goşulýar. Pes temperaturada adamlar uzak wagtlap suwsuz we ýylylyksyz galýarlar. Bu ýagdaý paýtagtda we ýurduň ähli sebitlerinde ýüze çykýar. Azatlygyň habarçysy ýakynda Türkmenbaşyda ýüze çykan waka barada maglumat berýär.

Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiligindäki näsazlyk 3-nji ýanwarda sagat 15:30 töweregi ýüze çykdy. Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, ýaşaýjylar tarapyndan “Çerýomuşki” diýlip atlandyrylýan kwartalda jaýlary gyzdyrýan gazanlaryň №2-de näsazlyk döräpdir. Netijede, onlarça öýüň suw we ýyladyş üpjünçiligi bir gije-gündiziň dowamynda kesilipdir.

"Gazanda näsazlyk döredi, şeýle-de gyzgyn suw akdyrýan posly turbalar hem sebäp boldy. Jaýlaryň howly tarapyndan ýöremek mümkin däl, hemme ýerde suw akyp ýatyr, hatda çagalar üçin oýun meýdançasyny hem suw basypdyr" -diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berýär.

3-nji ýanwarda irden Türkmenbaşyda howanyň temperaturasy noldan biraz ýokarydy.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, olaryň ýaşaýan jaýlarynda şeýle kemçilikler ýygy-ýygydan bolup geçýär, olaryň esasy sebäbi çüýrük turbalarda we tutuş suw geçiriji ulgamynyň könelip, uzak wagt bäri bejerilmändiginde.

"Ýyladyş gazanlary 1980-nji ýyllarda oturdylypdy we şondan bäri çalyşylmandy. Geçen gyşda bu ýerde 15 töweregi awariýa bolupdy, şol sebäpli adamlar uzak wagtlap suwsuz we ýylylyksyz galypdy" - diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar .

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, her gezek ýarylan turbalaryň käbir ýerleri ýamalýar, ýöne bu çäre meseläni çözmeýär, gysga wagtdan turbalaryň başga ýerlerinde jaýryk emele gelýär.

"Şeýlelikde, hemişe bir zat ýüze çykýar, ýyladyş gazany kadaly işleýän bolsa, turbalar ýarylýar, turbalardan näsazlyk döremese, gaz üpjünçiligi togtadylýar. Häkimiýetler adamlaryň nähili ýaşaýandygyna we bolup geçýän zatlara üns berseler belki-de bu meseleler çözülerdi. Arkadag şäherinden başga zady görenoklar" - diýip, Türkmenbaşynyň ýene bir ýaşaýjysy aýdýar.

Ýurduň häkimiýetleri kaşaň gurluşyklara döwlet býujetinden milliardlarça dollar sarp edýärkä, ilat köpçüliginiň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýän infrastrukturany abatlamak üçin ilatdan pul ýygnaýar.

"Häkimiýetler çagşan jemagat infrastrukturasy bilen gyzyklanmaýarlar. Ýaşaýjylar problemalardan halys ýadadylar; her gezek turbalarda näsazlyk dörände ýaşaýjylardan 200 manatdan ýygnaýarlar (Merkezi Bankyň nyrhy boýunça 57 dollar çemesi - red.), eger ýyladyş gazanlarda problema dörese ýene iki esse köp pul talap edýärler. Tutuş ulgamy täzelän bolsalar, sowuk jaýlarda ýatmazdyk"- diýip, "Çerýomuşki" atlandyrylýan kwartalynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Könelişen infrastruktura sebäpli suw üpjünçiligi we ýyladyş meseleleri beýleki şäherlerde, paýtagtda-da ýüze çykýar. Häkimiýetler paýtagtyň daşarky abadançylygyna has köp üns berýärkä, adamlar birnäçe günläp hatda agyz suwundan hem mahrum bolýarlar. Noýabrda Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 10 golaýy üç günläp suwsuz galypdy.

Bu aralykda, Türkmenistanda suw üpjünçiligi üçin tölegler şu ýylyň başyndan iki esse ýokarlandy. Lagym suwlary sistemasy üçin tölegiň bahasy hem birnäçe esse ýokarlandy.

"Ýene bir gymmatçylyk. Lagym suwlar üçin ýylda bir adama 2 manat töledýärdiler. Indi 2024-nji ýylda adam başyna her aýda 1 manat, ýagny bir ýylda 12 manat tölemeli bolar, bu bolsa, hyzmatyň 6 esse ýokarlanandygyny aňladýar. Uly maşgala üçin bu duýarlykly agram salýar. Adamlar öz aralarynda häkimiýetler hajathanalara hem ölçeýji oturdaýmasa diýip ýaňsylaýarlar" - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Bu şertlerde paýtagtyň käbir ýaşaýjylary tükeniksiz çykdajylardan saplanmak üçin dürli hilelere hem baş goşýarlar.

"Aşgabatda şäher suw üpjünçiligi hünärmenleri kwartiralarda suw hasaplaýjylaryň möhleti geçip barýan ýagdaýynda, ýaşaýjylara suwuň bahasynyň her adam başyna turbalardaky suw basyşy esasynda gije-gündiziň dowamynda sarp edilen ýaly hasaplanyp, goşmaça töleg alynjakdygyny duýdurýarlar. Şeýlelikde suw ölçeýjilerdäki möhürleri çalyşyp bermegi teklip edýärler. 250 manada könesini goparyp, täze möhür basýarlar. Köpçülik goşmaça çykdaja galmajak bolup, muňa razy bolýar"- diýip Aşgabatdaky habarçylarymyzyň ýene biri aýdýar.

Häkimiýetler jemagat infrastrukturasynyň problemalary, şeýle hem ilata berilýän hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy barada resmi düşündiriş bermediler. Suw we lagym suwlary üçin tölegleriň gymmatlamagy barada ilata öňünden habar berilmedi.

Jemagat hyzmatlarynyň gymmatlamagy ilatyň arasynda elektrik energiýasynyň bahasynyň hem ýokarlanyp bijeginden howatyrlanmalary artdyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG