“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri Aşgabatda Yragyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşyp, ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdy diýip, türkmen metbugaty hiç bir jikme-jikligi aýtmazdan habar berýär.
Hususan-da, türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen swap usulynda Yraga ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, yrakly hyzmatdaşlar ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini aýtdylar diýip, habarda bellenilýär.
Şeýle-de, iki ýurduň bu ugurdaky kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmegi netijesinde, taraplaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirendigi habar berilýär.
Metbugat habarlaryna görä, tomus aýlarynda energiýa üpjünçiligi meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan Yrak türkmen gazyny elektrik öndürmekde ulanmak isleýär we şu ýylyň aýagyna çenli Aşgabat bilen şertnama baglaşyljakdygyny, Türkmenistan bilen deslapky ylalaşyga gol çekilendigini aýdýar.