Iki ýurduň başlangyç ylalşygy esasynda, ýurduň elektrik stansiýalarynyň zerurlyklarynyň bir bölegini kanagatlandyrmak üçin, Bagdat Türkmenistandan gaz import eder diýip, “Roýters” habar gullugy Yragyň nebit ministrligine salgylanyp habar berýär.
"Elektrik stansiýalarynyň zerurlyklarynyň bir bölegini kanagatlandyrmak üçin köp mukdarda gaz import etmek barada başlangyç ylalaşyga gelindi” diýip, Yragyň nebit ministriniň orunbasary Azzat Sabir nebit ministrliginiň beýanatynda aýtdy.
Sabir türkmen gazyny import etmek baradaky ylalaşyga ýyl tamamlanmanka, Türkmenistanyň gaz pudagynyň işgärleri bilen Aşgabatda geçiriljek duşuşykdan soň gol çekiljekdigini aýtdy. Ýöne ol import ediljek türkmen gazynyň mukdaryny aýtmady.
Yrak tomusda howanyň gyzgynynyň 50 gradusa barýan yssy günlerinde iň ýokary derejede sarp edilýän elektrik energiýasynyň üçden 40% -e çenlisini Eýrandan import edýän elektriginiň we gazynyň hasabyna edinýär.