Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow üçünji gün rus hökümetiniň başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmen metbugatynyň Owerçuga salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky özara söwdanyň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 58 göterim ýokarlandy.
Bu täzelik iki ýurduň arasyndaky gaz ibermek ylalaşygynyň möhletiniň baha sebäpli uzaldylmandygy baradaky habaryň mälim bolmagynyň yz ýanan gabat geldi.
Türkmenistan Russiýa 2019-njy ýyldan bäri ýylda 5 milliard kub metr töweregi gaz iberýärdi. "Türkmengaz" bilen "Gazprom" kompaniýasynyň arasyndaky baha, nyrh meselesiniň uzyn taryhy bar.
Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, gaz söwdasynyň bes edilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyna nähili täsir edendigini anyklap bolmaýar.
Şeýle-de, rus resmisi Aşgabatda hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.
Resmi habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar dar düzümde geçirilen gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.