Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen reallyklary prezidentiň maýa çekmek arzuwlaryny 'puja çykarýar'


Arhiw suraty. Türkmen prezidenti Kataryň paýtagtyndaky “Hamad” Halkara howa menzilinde resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy. 19-njy mart, 2023.
Arhiw suraty. Türkmen prezidenti Kataryň paýtagtyndaky “Hamad” Halkara howa menzilinde resmi adamlar tarapyndan garşy alyndy. 19-njy mart, 2023.

Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt maýasyny çekmek üçin edýän tagallalary, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, hökümetiň problemalary boýun almazlyk, üzňelik we maglumat ýapyklygyny saklamak ‘keselleri’ sebäpli ‘puç bolýar’. Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürlşen hünärmenler döwlet baştutanynyň ykdysadyýeti dikeltmek üçin edýän talaplarynyň öňki ýolbaşçylar tarapyndan döredilen emeli päsgelçiliklerden we ‘köne düşünejeden’ geçip bilmeýändigini öňe sürýärler.

“Prezident Serdar Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda, Aşgabatdaky döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň ýollaryny we usullaryny öwrenmek, bu meseläni ylmy taýdan seljermek hakynda ylmy proýekt düzmek boýunça, ýokardan ençeme görkezme berildi” diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly hünärmen aýtdy.

Gürrüňi edilýän okuw jaýynda işleýän pedagogyň tassyklamagyna görä, bu proýektler ençeme tejribeli hünärmeniň, şol sanda professorlaryň, ösen ýurtlaryň ykdysadyýetlerini içgin öwrenýän ýaş mugallymlaryň, ýokary kurs studentleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.

“Emma muňa garamazdan, ýokary taýýarlykly adamlaryň işläp düzen ylmy proýektleri MHM-niň komissiýasynyň ýörite ekspertiza barlagyndan geçip bilmedi, olar uly akyl zähmeti siňen uly göwrümli işe "bolanok" diýdiler. Türkmen reallyklary iş ýüzünde ylmy çemeleşmeleri puja çykarýar” diýip, hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Radionyň söhbetdeşiniň tassyklamagyna görä, bu mesele diňe ‘bolanok’ diýen jogap bilen hem gutarmady.

"MHM komissiýasy "bolanok" diýeninden soň, proýektiň awtorlar kollektiwini ylmy işler boýunça prorektoryň kabinetine çagyryp, tas Watana dönüklikde aýyplamaga çenli baryp ýetdiler. Sebäbi, institut ýolbaşçylarynyň, MHM işgärleriniň pikirine görä, olar ýurda daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin ilkinji nobatda ‘walýuta çalşygyny ýönekeýleşdirmeli we kämilleşdirmeli’, sanly ulgamda bökdençsiz aragatnaşyk ýola goýulmaly diýipdirler” diýip, hünärmen ylmy taslamanyň awtorlarynyň proýektde döwlet syýasatyna ‘goşulmakda’ aýyplanandygyny gürrüň berdi.

“…ýurdumyzda walýuta çalşygynyň we erkin internetiň ýokdugy üçin daşary ýurtly maýadarlar gelmeýär diýjek bolduňyzmy, haýynlar? Kim size döwlet syýasatyny proýekte goşmaga rugsat berdi, Watan dönükleri?" diýip, hünärmenleriň ählisinden düşündiriş hatlaryny aldylar” diýip, söhbetdeşimiz bu ýagdaýyň soň, birnäçe aýdan ýene gaýtalanandygyny aýtdy.

Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň pedagogynyň pikiriçe, bu ýagdaýlar häkimiýetleriň, başga meselelerde bolşy ýaly, maýa goýumlaryny çekmek meselesinde hem real we ylmy, obýektiw seljermä taýýar däldigini görkezýär.

Azatlygyň habarçysy ýokary okuw jaýynyň işgäriniň şaýat bolan ýagdaýy barada pikirlerini sorap, daşary ýurt firmalary bilen hyzmatdaşlyk edýän telekeçileriň hem birnäçesiniň pikirlerini sorady.

Özbegistanly işewürler bilen hyzmatdaşlyk edýän lebaply we daşoguzly telekeçileriň aýtmaklaryna görä, ykdysady gatnaşyklarda wiza, ýükleriň gümrük we beýleki resminamalary bilen bagly päsgelçilikler we korrupsiýa doly güýjünde saklanyp galýar.

Russiýaly we gazagystanly telekeçiler bilen işleşýän telekeçiler hem bu aýdylýanlary tassyklady we iň uly meseläniň Türkmenistanda walýutanyň erkin çalşygynyň we dolanyşygynyň resmi derejede tasdan ýok bolmagy bilen baglydygyny öňe sürdi.

"Russiýaly we gazagystanly hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanda walýutanyň gara bazary we ondaky baha tapawutlary barada aýdylýanlary akyla sygdyryp bilmeýärler, bu ýagdaý olar bilen etjek hyzmatdaşlygymyza uly böwet bolýar" diýip, balkanly telekeçi Azatlyga aýtdy.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen telekeçiler Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlar bilen edilýän ykdysady gatnaşyklarda döredilen päsgelçilikleriň hem uly zyýan berýändigini aýtdylar.

"Biziň häkimiýetlerimiz öz ýapyklygy, ynamsyzlygy we üzňeligi boýunça hatda eýranly häkimiýetlerden hem öňde. Şu sebäpden olar hiç hili düşündiriş bermezden serhet geçelgelerini ýapýarlar, ýük daşamaga emeli bökdençlik döredýärler” diýip, maryly telekeçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Ýöne telekeçiler bu päsgelçilikleriň birinji maşgalanyň ýakynlaryna degişli däldigini bellediler.

Türkmenistanda uly tutum bilen geçirilýän dabaraly çäreler, resmi habarda aýdylmagyna görä, ýurt ykdysadyýetine sermaýa çekmek maksadyndan ugur alýar.

Türkmenistan 2021-nji ýylyň tomsunda anyklaşdyrmazdan “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak we “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek üçin alan daşary ýurt karzlaryny üzendigini aýtdy, ýöne hökümet ýurtda daşary ýurt maýasynyň hasabyna, şeýle-de döwlet serişdesine amala aşyrylan taslamalar, olaryň näderejede netijeli bolandygy ýa-da çekilen zyýan barada anyk maglumatlary çap etmeýär.

Hünärmenleriň käbiri Türkmenistanda ykdysadyýetiň gowulanmagyna, halkyň gowy ýaşamagyna gönükdirilen syýasatyň ýokdugyny öňe sürýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG