Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakyndaky karara gol çekdi. TDH-nyň ýazmagyna görä, bu karar ýurtda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmaga kömek etmeli. Synçylar bu çärä ýurtda dowam edýän azyk meseleleriniň bölekleýin tassyklanmagy hökmünde garaýarlar.
Berdimuhamedow dördünji gün geçiren mejlisinde ýurduň bugdaý ekişini tamamlandygyny aýdyp, ekin meýdanlaryndan doly gögeriş almagyň wajypdygyny ýatlatdy. Resmi habara görä, ýurtda geljek ýylyň hasyly üçin jemi 690 müň gektar meýdana bugdaý ekildi.
“...ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak”, “Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär” diýip, soňky birnäçe aý bäri oba hojalygyna jogap berýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýew aýtdy.
Türkmenistanda dowam edýän azyk meseleleri, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, ýerleriň arrykladylmagy, meseleleriň öwrenilmezligi ýa-da inkär edilmegi bilen bagly. Emma wise-premýer bu wezipede özünden öň işlän emeldarlaryň aýdan sözlerini gaýtalap, ekin ekilen meýdanlarda “agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň” alnyp barylýandygyny nygtady.
Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen oba hojalyk işgäri täze döredilen institutlaryň işiniň ýagdaýy üýtgetjekdigine o diýen ynanmaýar. Ol bu ynamsyzlygy hakykatda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmezligi bilen düşündirdi.
“Boş ýer ýok, hemme ýere, arasyna salym salman, gyssanmaç ekin ekilýär. Bu topragyň arryklamagyna getirýär” diýip, oba hojalyk hünärmeni aýtdy.
“Iýun aýynda bugdaý ýygnalyp, sanlyja günden şaly ekilýär. Şaly ýygnalansoň, onuň ýerine derrew bugdaý ekilýär. Ýer demini alyp bilmeýär. Şol sebäpden her ýyl hasyl pes bolýar” diýip, hünärmen aýtdy.
Oba hojalyk hünärmeniniň tassyklamagyna görä, gowaça ekilen ýerleri pagta hasyly ýygnalandan soň, dekabr aýynda ýarym metr çuňlukda sürüp, 5 aýlap, mart aýyna çenli demini almaga goýmaly.
“Emma häzir ýer 30-40 santimetr çuňlukda sürlüp, bary-ýogy ik aý dem almaga goýulýar” diýip, ol aýtdy.
Hünärmen bir gün öň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryny synlandygyny aýtdy.
“Bir tarapda pagta ýygyp ýörler, onuň gapdalynda şaly, ýaňy gögerip başlan bugdaý meýdanlary bar. Boş ýer ýok. Bu ekin meýdanlary haçan demini alyp ýetişmeli? Ýylda ýerden iki sapar hasyl alýarlar. Käbir gowaça meýdanlarynda pagtany kombaýn bilen ýygnap, yzyndan gyssagly bugdaý ekip çykýarlar” diýip, hünärmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde we açyk gürleşýän synçylaryň, ozalky emeldarlaryň we kärendeçileriň aýtmaklaryna görä, türkmen hökümetiniň mejlislerinde ýer, suw, daýhançylyk meseleleri barada indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri şol bir gürrüňler gaýtalanýar, emma daýhanlaryň düşen agyr ýagdaýynyň hakyky sebäpleri agzalmaýar.
Ozalky suw hojalyk işgäri Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Türkmenistanda ýerleri düzetmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin ozaly sowet dolandyryş usullaryndan el çekmeli, daýhanlara sözde däl-de, iş ýüzünde erk we maliýe kömegini bermeli.
"Meniň pikirimçe, birinji nobatda ýerleri hususy eýeçilge bermeli, suw, dökün, tehnika meselesinde kömek etmeli, daýhanlaryň el-aýagyny boşatmaly, şonda önümem bolar, ol önümler satylaram, hem döwletde hemme zat bol bolar. Şeýtmeseň, hiç zat üýtgemez" diýip, Hanamow aýtdy.
Wenada ýaşaýan ozalky diplomat Serdar Berdimuhamedowyň ýerlerden alynýan hasyly köpeltjek bolşunda häzirlikçe ozalky prezidentleriň eden şowsuz synanyşyklaryndan üýtgeşik zat görmeýändigini hem sözüne goşdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum