Russiýanyň käbir ýokary okuw jaýlary türkmenistanly talyplardan orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryny nostrifikasiýa etdirmegi talap edýär. Studentler we ene-atalar bu prosesiň uly meselä öwrülip barýandygyny aýdýarlar.
“Orta bilim hakyndaky şahadatnamalary tassyklatmak üçin, Türkmenistanyň orta mekdeplerinden resminamalary toplamaly we olary notariusda tassykladyp, Orsýete ugratmaly. Soňra studentler alty aýyň dowamynda Orsýetdäki bilim şahadatnamalary nostrifikasiýa edilýän guramalara ýüz tutup, olardan nostrifikasiýa hatyny almaly we olary ýokary okuw jaýyna tabşyrmaly” diýip, ogly Sankt-Peterburgyň bir uniwersitetinde okaýan aşgabatly ene gürrüň berýär.
“Eger attestatyň tassyk edilendigi hakyndaky hat 1-nji fewrala çenli dekana we halkara bölümine getirilmese, studente okuwdan çykarmak haýbaty atylýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Azatlyk Radiosyna gelip gowşan maglumatlara görä, häzirki wagtda, hususan-da, Sankt-Peterburg we Kazan şäherlerindäki rus ýokary okuw jaýlary nostrifikasiýa talaplaryny güýçlendirip başlady.
Russiýada ýokary bilim alýan birnäçe türkmen raýatynyň sözlerine görä, rus ýokary okuw jaýlary öňler diňe 2009-njy ýyldan öň berlen we dokuz ýyllyk türkmen attestatlarynyň nostrifikasiýa edilmegini talap edýän ekeni.
“Sebäbi 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda orta bilim hakyndaky şahadatnamalary kabul etmek hakynda şertnama gol çekildi. Muňa garamazdan, häzirki wagtda 2009-2013-nji ýyllarda 10 ýyllyk mekdepleri, 2015-nji ýyldan başlap, 11 ýyllyk mekdepleri tamamlan ýaşlardan hem nostrifikasiýa hatyny sorap başladylar” diýip, türkmenistanly bir student Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Täze okuwa kabul edilen türkmenistanly raýatlar alty aýyň dowamynda orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryny nostrifikasiýa etdirmäge borçlanýarlar.
Ýöne talyplar türkmen häkimiýetleriniň bu meselede hem öz raýatlarynyň hukuklaryny gorap çykyş etmeýändiklerini aýdýarlar.
“Gynansak-da, türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň hukuklaryny goramagyň deregine, her bir amatly pursatda öz raýatlaryny sem etmegi, gorky astynda saklamagy halaýarlar. Studentler bu döwletiň iň bir hukuksyz gatlagyna öwrüldiler, hiç ýerde olaryň arzy diňlenmeýär” diýip, Kazan şäherinde ýokary bilim alýan beýleki bir türkmenistanly talyp gyz Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda orta bilim 1990-njy ýyllarda dokuz ýyla geçirildi, ýöne ýurduň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilim reformalaryny girizip, orta bilimiň möhletini uzaltdy.
Dokuz ýyllyk orta bilim şahadatnamalary daşary ýurtlarda kabul edilmän, türkmen raýatlary daşary ýurt döwletiniň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmekde uly päsgelçiliklere sezewar boldular.
Synçylara görä, ýurduň ýokary bilim pudagy iň bir korrumpirlenen pudaklaryň biri bolup, ýokary okuw jaýlaryna talyplaryň köplenç para-peşgeş esasynda kabul edilmegi, raýatlaryň arasynda daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlaryna gyzyklanmalary artdyrdy.
Ýöne bu ugurda hem häkimiýetler öz raýatlaryna päsgelçilik döredýärler: Türkmenistan birnäçe ýyl mundan ozal ýurtda diplomy tassyklanýan daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny çäklendirdi, şeýle-de daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara resmi konwertasiýa esasynda maliýe serişdeleriniň iberilmegini çäklendirdi. Galyberse-de, häkimiýetler wagtal-wagtal daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga barýan ýaşlary hem eden-etdilikli görnüşde ýurtdan goýbermän, olaryň syýahatyny çäklendirip bilýär.
Türkmenistanda doglup, bu ýurtda önüp-ösen we daşary ýurtlarda ýaşaýandyklaryna garamazdan, attestat, diplom we pasport ýaly möhüm resminamalar esasynda bu ýurda heniz hem garaşly galýan türkmenistanlylar daşary ýurtlarda bu dokumentleriň ykrar edilmegi ýaly talaplar bilen baglylykda, dürli mümkinçiliklerden mahrum bolýarlar. Sebäbi türkmen häkimiýetleri şeýle resminamalara gezek gelende, öz raýatlarynyň mümkinçiliklerini çäklendirmegi, öz raýatlarynyň pasportizasiýa, legalizasiýa we nostrifikasiýa zerurlyklaryny mümkin boldugyndan kynlaşdyryp, öz raýatlarynyň ösüşine “badak atmagy” saýlap alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum