Türkmen häkimiýetleri belli türkmen aktiwisti Hamida Babajanowanyň gyzy – Sadakaty ýurtdan çykarmadylar. 22 ýaşly Sadakat Türkiýäniň ýokary okuw jaýynda okap, daşary ýurt pasportynyň möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, ony uzaltmak üçin watanyna gelipdi. Emma işlerini bitirip, Türkiýä okuwyny dowam etdirmäge gitjek bolanda, Aşgabadyň aeroportynda migrasiýa gullugynyň işgärleri “ýokardan gelen buýruga” salgylanyp, ony uçara mündürmediler.
Wideo: Migrant-Media
Forum