Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türkmen gazy boýunça ylalaşygyny ýene 5 ýyllyk uzaltmak isleýär


Gaz kärhanasy. Türkmenistan
Gaz kärhanasy. Türkmenistan

Türkiýe Türkmenistan bilen tebigy gaz üpjünçiligi şertnamasyny bäş ýyl uzaltmak barada şertnama baglaşýar we gepleşikleriň bir ýylyň içinde tamamlanmagyna garaşylýar diýip, Hytaýyň "Ksinhua" agentligi bu barada Türkiýäniň energiýa ministri Alparslan Baýraktaryň sişenbe güni aýdandygyny habar berýär.

"Biziň uzak möhletli swop-çalşyk şertnama maksadymyz bar. Biz şu ýylyň içinde bäş ýyllyk şertnamany uzaltmak boýunça bir programmanyň üstünde işleýäris" - diýip türk ministri aýtdy.

"Iň esasy maksadymyz Hazar deňzinden geçýän gazgeçiriji arkaly türkmen gazyny Türkiýä akdyrmakdyr" diýip, Baýraktar sözüniň üstüne goşdy.

Şu aýyň başynda iki ýurt Türkiýäni türkmen gazy bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki geçirijileri dolandyrýan BOTAS bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” konserni arasynda baglaşylan şertnama 1-nji martda güýje girer we Eýranyň üsti bilen 1,3 milliard kubmetr gazyň akdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Baýraktar, gazyň takmynan 1,5 million hojalygyň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyryp biljekdigini we ýurduň ýyllyk gaz sarp edişiniň umumy mukdarynyň 53 milliard kilometre barabardygyny aýtdy.

Türkmenistan tebigy gazynyň eksporty üçin täze ýollary gözleýändigini yglan edýär. Ýurt resmileri türkmen gazyna bolan islegleriň demirgazyk, günbatar we gündogar ugurlary boýunça ýokarlanýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG