ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýk Waltz Trampyň egindeşleriniň hutilere garşy uruljak zarba baradaky ýaşyryn söhbetdeşliginden maglumat syzmagynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Ol "Fox News" bilen söhbetdeş bolup, bu işiň nähili ýagdaýda bolandygyny häzir "tehnikadan iň gowy baş çykarýan adamlaryň” seljerýändigini belledi.
"Gulak asyň, men ähli jogapkärçiligi öz üstüme alýaryn. Topary men döretdim, meniň işim hemme zadyň utgaşdyrylmagyny üpjün etmekden ybarat" diýip, Waltz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ol "Atlantik" neşiriniň baş redaktory Jeffri Goldbergiň, maglumat syzmasy barada habar beren adamyň adynyň öz telefon aragatnaşygynyň arasyna nädip düşendigini bilmeýändigini aýtdy. Geňeşçiniň sözlerine görä, žurnalist nähilidir bir ýagdaýda kimdir biri bilen aragatnaşyk açyp, ýapyk söhbetdeşlige girmegi başarypdyr we söhbetdeşlikde başga biri bolan bolupdyr.
"Elbetde, men toparda bu adamyň bardygyny görmedim. Ol başga birine çalym edýärdi. Ol muny bilgeşleýin etdimi, başga bir tehniki usul bilen boldumy? Biz muny anyklamaga synanyşýarys" diýip, Waltz aýtdy. Ol Goldbergi ýalançy, kezzap we "gözden düşen ýigit" diýip atlandyrdy.