ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp ýene-de Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky urşy bes etdirjekdigi barada aýdanlaryny gaýtalady we şol bir wagtda “Talybandan” ABŞ-nyň 2021-nji ýylda Owganystanda galan milliardlarça dollarlyk harby enjamlaryny yzyna gaýtaryp bermegini talap etjekdigini aýtdy.
"Men Ukrainadaky urşy soňlaryn, Ýakyn Gündogardaky bulam-bujarlygy togtadaryn we III Jahan Urşunyň turmagynyň öňüni alaryn" diýip, Tramp 19-njy ýanwarda Waşingtonda, Kapital Bir arenasynda ýygnanan mähellä ýüzlenip, dabaraly kasam kabul ediş dabarasyndan bir gün öň, jikme-jiklik bermezden aýtdy.
Analitikler Ukrainadaky urşy bu golaýlarda soňlamagyň kyn boljakdygyny, sebäbi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň häzir özüniň ýeňýändigine ynanýandygyny we söweşi bes etmek meýliniň ýokdugyny aýdýarlar.
Trampyň şäherde 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan bäri, tarapdarlary Kapitola zabt edeninden soň geçirilen ilkinji mitinginde onuň ýakyn dört ýylda ýurduň içinde we daşynda etjek diýýän işleri, şol sanda goşuny güýçlendirjekdigi barada gysgaça gürrüň edildi.
Tramp 20-nji ýanwarda 47-nji prezident hökmünde kasam eder. Dabara aşa sowuk howa sebäpli, 40 ýylda ilkinji gezek Kapitol binasynyň içinde geçiriler.
Tramp öz çykyşynda Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky "Talybana" ýylda "milliardlarça dollar" berýändigini we ekstremist topar milliardlarça dollara durýan ABŞ enjamlaryny yzyna gaýtaryp bermese, bu işiň soňlanjakdygyny aýtdy.
"Men aýdýaryn, eger bir ýylda milliardlarça dollar tölejek bolsak, harby enjamlarymyzy yzyna gaýtaryp bermeseler, olara biziň bu puly bermejekdigimizi aýdyň" diýip, Tramp aýtdy.
2021-nji ýylyň awgust aýynda “Talyban” paýtagt Kabulyň gözegçiligini gaýtadan yzyna alyp başlanda, Birleşen Ştatlar Owganystandan takmynan 7 milliard dollarlyk harby enjamyny goýup çykdy.
USAID-iň, Birleşen Ştatlaryň ösüş golunyň maglumatyna görä, “Talybanyň” gözegçiligi gaýtadan ele geçirmegi ykdysady çökgünlige alyp geldi we bu ýagdaý ýurduň 42 million töweregi ilatynyň ýarysyndan gowragynyň ynsanperwer kömegine, hususan-da zerur azyk önümlerine mätäç hala düşmegine sebäp boldy.
USAID-iň maglumatyna görä, Birleşen Ştatlar “Talyban” ýurdy ele geçeli bäri Owganystana 2,1 milliard dollardan gowrak bahasy bolan ynsanperwerlik serişdesini berdi.
Günbatar liderleri, halkara guramalary we aktiwistler “Talybany” häkimiýet başyna geleli bäri adam hukuklaryny gödek bozmakda, hususan-da aýal-gyzlaryň hukuklaryny basgylamakda yzygiderli ýazgaryp gelýärler.
Forum