ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň, görnüşinden, Ukraina bilen baglaşylmaly ýaraşyk ylalaşygyny bilkastlaýyn yza çekýändigini aýtdy.
"Meniň pikirimçe, Russiýa bu meseläni soňlamak isleýär, ýöne, belki-de, olar wagty çekýär. Bilýärsiňizmi, men uzak ýyllar şeýle etdim: "Men şertnama gol çekmek islämok, men hamala oýunda galmak isleýärin, ýöne, belki-de, muny etmek islemeýärin". Men anyk bilemok. Ýöne Russiýa, her niçik-de bolsa, munuň soňuny görmek isleýär diýip pikir edýärin. [Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr] Zelenski bularyň ählisiniň soňlanmagyny isleýär" diýip, Tramp Newsmax bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Ol, orta hasap bilen, konfliktiň iki tarapynyň her hepde umumylykda 2500 çemesi esger ýitirýändigini hem sözüne goşdy.
"Amerikalylar wepat bolmaýar, ýöne meniň üçin bu ähmiýetli däl. Men front suratlaryny görýärin, ýöne olary hatda görmek hem islemezdim. Ähli ýerde el-aýak we kelleler" diýip, Tramp aýtdy. Ol diňe bu zatlaryň soňlanmagyny isleýändigini nygtady.
Tramp ulanylan ýaraglary, pilotsyz uçarlaryň sanyny agzap, munuň "akyla sygmaýandygyny" belledi.