ABŞ prezidenti Donald Tramp ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň öz ýurdundaky urşy soňlamak üçin Russiýa bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdandygyny, hem-de Ukrainanyň mineral serişdeler boýunça ylalaşyga ‘islendik wagt’ gol çekmegi teklip edendigini aýtdy.
Iki lideriň arasynda bolup geçen gyzgyn çekişmeden soňra, Birleşen Ştatlaryň Ukraina berýän harby ýardamlaryny togtatmagynyň yz ýany, Tramp 4-nji martda Kongresiň bilelikdäki maslahatynda sözlän sözünde Zelenskiniň gepleşik stoluna gelmäge isleg bildirip, özüne hat iberendigini aýtdy.
“Şu gün men Ukrainanyň prezidenti Zelenskiden möhüm bir hat kabul edip aldym. Hatda şeýle diýilýär ‘Ukraina durnukly parahatçylygy golaýlatmak üçin, gysga wagtyň içinde gepleşik stoluna gelmäge taýýar. Hiç kim parahatçylygy ukrainalylardan köp islemeýär’ diýip, Tramp hatyň mazmunyna salgylandy.
Zelenski biraz öň “biziň hiç haýsymyz soňsuz uruş islemeýäris” diýdi we Ukrainanyň “uzak möhletli parahatçylygy golaýlatmak üçin, gysga wagtyň içinde gepleşik stoluna dolanmaga taýýar bolandygyny” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Men we meniň toparym uzak möhletli parahatçylygy gazanmak ugrunda prezident Trampyň güýçli ýolbaşçylygynyň astynda işlemäge taýýar” diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Tramp uruşda ýaş ruslaryň hem-de ýaş ukrainalylaryň ikisinden-de her hepde 2 müň adamyň öldürilýändigini aýtdy.
“Men munuň bes edilmegini isleýärin” diýip, ol aýtdy we Birleşen Ştatlaryň bu urşa “megerem 350 milliard dollar”, Ýewropanyň bolsa bary-ýogy 100 milliard dollar sarp edendigini öňe sürdi.
Ýewropa liderleri ABŞ resmileri tarapyndan has ozal aýdylan şeýle öňe sürmelere garşy çykdylar.
Düýbi Germaniýada ýerleşýän Kiel instituty öz barlaglaryna salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň şu wagta çenli Ukraina 114 milliard ýewro bölüp berendigini, munuň ýekelikde edilen iň iri hemaýat bolandygyny aýtdy. Ýöne, Ýewropa tutuşlygyna alnanda takmynan 132 milliard ýewro bölüp berdi, diýip barlaglarda aýdylýar.
Süýri kabinetde bolan çekişme agzalmady
Trampyň çykyşyndan birnäçe sagat ozal, Ak tam resmileri Süýri kabinetde jemgyýetçiligiň öňünde bolup geçen çekişmeden soňra, ABŞ-nyň Ukraina berýän ähli harby ýardamlary togtadandygyny aýtdy.
Zelenski 28-nji fewralda çekişmäniň yz ýany Ak tamy terk etdi we iki lider möhüm mineral serişdeler boýunça ylalaşyga gol çekmedi. Tramp 3-nji martdaky metbugat ýygnagynda özüniň bu ylalaşyk heniz tamam bolandyr öýdüp pikir etmeýändigini aýtdy.
Tramp geçen hepde Süýri kabinetde Zelenski bilen arada bolan çekeleşigi agzaman, “biz örän oňat oňuşýarys we bir topar zatlar bolup geçýär” diýip, ritorikany üýtgetdi.
Tramp Zelenskiniň sözlerini sitirlemek bilen “Ak tamda bolan gürrüňleri bir tarapa goýýandygyna yşarat etdi” diýip, San Diego döwlet uniwersitetiniň syýasat ylymlary boýunça professory Mihail Alekseýew aýtdy.
“Zelenskiniň wezipeden çekilmegi boýunça hiç hili çagyryş bolmady. Ukrainanyň minnetdar bolmazlygy barada gürrüň bolmady” diýip, ol aýtdy.
Tramp urşy soňlandyrmagy ileri tutup, ABŞ-nyň üç ýyl bäri dowam etdirýän syýasatyny tersine öwürdi we rus prezidenti Wladimir Putin bilen göni gatnaşyga çykdy. Özünden öňki prezident, 2022-nji ýylyň fewralynda uruş başlanaly bäri, Putini syýasy taýdan üzňeleşdirip gelýärdi.
Mineral serişdeler ylalaşygy üns merkezine dolanýar
Kiýewiň adyndan lobbiçilik işlerini alyp barýan “Yorktown Solutions” kompaniýasynyň prezidenti Daniel Waýdiç mineral serişdeler boýunça ylalaşygyň Ukraina üçin-de, ABŞ üçin-de gowy boljakdygyny aýtdy.
“Bu, ABŞ-a mundan beýläk goragynda durulmaly aktiwleri hödürleýär” diýip, Waýdiç aýtdy.
Bu ylalaşyk esasynda döredilýän gazna ABŞ-nyň hususy pudagyny Ukrainanyň gaýtadan dikeldilmegine maýa goýmaga çekmek üçin, möhüm mehanizm bolar diýip, respublikanlardan prezidentlige dalaş eden birnäçe dalaşgäriň öňki geňeşçisi Waýdiç sözüniň üstüni ýetirdi.
Tramp bu ylalaşygy uruş başlanaly bäri berilýän ABŞ hemaýatlarynyň öwezini dolmagyň, hem-de ýardamlary dowam etdirmegi esaslandyrmagyň bir usuly hökmünde ileri sürýär.
Ukrainaly syýasy analitik Ihor Reýterowiç Trampyň bellikleriniň Zelenski bilen arada bolup geçen çekişmäniň tamam bolandygyny hem-de olaryň ikisiniň-de ilerlemäge taýýardygyny alamatlandyrýan ýaly bolup görünýändigini aýtdy.
“Trampyň, hususan-da, Ukraina iberilýän ýardamlaryň togtadylýandygy barada hiç zat aýtmazlygy örän bellärliklidir” diýip, Reýterowiç Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna aýtdy. “Biz bu mesele ýakyn geljekde, belki hatda birnäçe günüň içinde däl, eýsem birnäçe sagatda oňyn çözüler diýip umyt edýäris” diýip, ol belledi.
Kongresde edilen iň uzyn çykyş
Trampyň çykyşy onuň wezipä girişeli bäri geçen 50 güne golaý wagtyň dowamynda Kongresiň bilelikdäki maslahatynda eden ilkinji çykyşy boldy.
ABŞ prezidenti öz sözüne “Amerika yzyna dolanýar” diýip hem-de immigrasiýa, jenaýatçylyk we hökümet harajatlaryny kemeltmek ugrunda alnyp barylýan tagallalary magtap başlady. Milliarder Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän Hökümet netijeliligi departamenti harajatlary kemeltmek ugrunda iş alyp barýar.
Tramp Maskyň “milliardlarça dollar möçberinde galplygyň” üstüni açandygyny aýtdy, bu öňe sürme administrasiýanyň bu babatda şu wagta çenli öňe sürýän sanlaryndan has ýokary bolup durýar.
Tramp 20-nji ýanwarda wezipä girişeli bäri “aljyrat we haýran et” strategiýasyny durmuşa geçirýär, köplenç Kongresden sowlup geçýän kararlardan peýdalanyp, içerki we daşarky syýasatda düýpli üýtgeşmeler yglan edýär. Ol kampaniýa wadalaryny berjaý etmäge çalyşýar.
Tramp Kongresde sözlän sözünde özüniň wezipä girişeli bäri “biziň ýurdumyzyň taryhynda iň beýik hem-de iň üstünlikli zamana badalga bermek üçin çalt depginlerde tutanýerli hereketler edilýär” diýdi.
Newadanyň Las Wegas uniwersitetiniň syýasat ylylmary boýunça professory Rebekka Jill Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Kongresiň bilelikdäki maslahatynda prezidentler tarapyndan edilen iň uzyn çykyşyň, 100 minutdan gowrak sözlenen sözüň “Trampa mahsus” çykyş bolandygyny aýtdy.
“Bu çykyşyň esli agresiw we dawaçyl bolandygyna kimdir biri geň galandyr öýdemok” diýip, ol aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum