ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 20-nji martda Ak Tamda okuwçylaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Federal bilim ministrligini (DoE) iş ýüzünde ýapmaga gönükdirilen buýruga gol çekdi.
"Roýters" habar agentliginiň belleýşi ýaly, bu karar iki aý çemesi mundan ozal prezidentlige girişen Trampyň saýlaw wadalarynyň bir bölegidi.
Bu karar bilim pudagyna doly gözegçiligi ştatlaryň we ýerli geňeşleriň eline berýär. Agentligiň doly ýapylmagy üçin ABŞ-nyň Kongresiniň degişli akty talap edilýär, muňa Tramp üçin kanun çykaryjylardan ýeterlik sesleriň bolmajagy aýdylýar.
"Biz bilimi ýönekeýje özüne degişli ştatlara gaýdyp getirmekçi bolýarys" - diýip, Tramp öz kararyny dogry diýip atlandyrdy we onuň mümkin boldugyça gysga wagtda durmuşa geçirilmelidigini aýtdy.
Ak Tam bilim departamentini ýok etmek karary okuwçylaryň synag netijelerini gowulandyrar we pul tygşytlar diýýär, ýöne demokratlar we beýleki tankytçylar bu ädimiň goldawa mätäç okuwçylara şol sanda departamentde döredilen kömek bölümine garaşly pes girdejili maşgalalardan bolan çagalara we maýyp okuwçylara zyýan berjekdigini aýdýarlar.
Prezident Donald Trampyň döwlet edaralaryny düýpli gözden geçirmek we çykdajylary azaltmak boýunça iň soňky buýrugy, geçen hepde bilim departamentiniň işgärleriniň ýarysyna golaýynyň işden aýyryljakdygy baradaky habaryň yzýanyna gabat geldi.