Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp býujet işgärleriniň sanyny kemeltmegi tabşyrdy


Ilon Mask
Ilon Mask

Ilon Mask Birleşen Ştatlaryň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümet işgärleriniň sanyny kemeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynda federal gulluklarda iş orunlarynyň has-da kemeldilmegini tabşyrdy.

Hökümet edaralaryna iberilen içerki gözükdirijide “iş orunlarynyň ymykly” kemeldilmegi boýunça degişli meýilnamalaryň 13-nji marta çenli tabşyrylmagy talap edilýär. Federal işgärler, onsuzam, Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet netijeliligi departamentiniň ştat kemeltme maksatnamalarynyň çäklerinde iş orunlarynyň azaldylmagyna sezewar boldular.

Bu gözükdirijide zerur bolan ştat kemeltmeleriniň sany anyklaşdyrylmaýar, ýöne bu çäreler Tramp we Mask tarapyndan ýerine ýetirilýän hökümet gurluşlaryny kiçeltmek kampaniýalarynyň möhüm bir bölegi bolup durýar.

Şu wagta çenli ýerine ýetirilen ştat kemeltmeler esasan iş howpsuzlygy bolmadyk, synag möhletindäki işgärlere täsir etdi. Kemeltmeleriň öňümizdäki tapgyry has köp býujet işgärini nyşana alar.

Tramp Ministrler Kabinetiniň Ak Tamda geçirilen ýygnagynda Daşky gurşawy goramak gullugynyň administratory Li Zeldiniň 15 müň işgäri bolan agentlikde iş orunlarynyň 65 göterimini kemeltmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi.

Umumy sany 2,3 million töwereklerinde bolan federal işgärlerden takmynan 100 müň adam eýýäm, ýa işden çykaryldy, ýa-da işden çykmak boýunça hödürlenýän teklipler bilen ylalaşdy.

XS
SM
MD
LG