Daşary işler ministri Raşid Meredow hökümet mejlisinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi diýip, TDH 2-nji iýunda habar berdi.
Bu 1-nji maýda prezidentiň karary esasynda dynç almaga çykan ministriň gatnaşan ilkinji hökümet mejlisi bolup, onuň wezipesinden gyrakladylýan bolmagynyň ähtimallygy barada ýaýran gürrüňleri ýalana çykarýar.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň nygtamagyna görä, hemmetaraplaýyn bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ministrler kabinetiniň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen göçme mejlisinde prezidentiň beren tabşyryklary esasynda ýaşlar syýasaty Strategiýasy işlenip taýýarlanyldy, ol türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen diýip, habarda aýdylýar.
Türkmen hökümeti soňky onýyllyklarda ýaşlaryň bilim almagyna, bilimli ýaşlaryň işe ýerleşmegine we öz hünärinde ösmegine ýeterlik mümkinçilik döredip bilmezlikde, netijede zehinli ýaşlaryň daşary ýurtlara gidip, şol ýerlerde galmagyna sebäp bolmakda tankytlanýar.