Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply ene-atalar: ÝOJ-lardaky paranyň möçberi '$15 müňden başlanýar'


Türkmen ÝOJ-laryna okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat
Türkmen ÝOJ-laryna okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlaryň tamamlanmagyna sanlyja gün galanda, ýokary okuw jaýyny (ÝOJ) saýlap almak işi şu günler soňky synp okuwçylaryň köpüsiniň we olaryň ene-atalarynyň esasy meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Bu aralykda, lebaply ene-atalaryň ençemesi ýurduň ÝOJ-larynda nobatdaky para almak möwsüminiň başlanandygyny belläp, okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden soralýan paranyň möçberiniň $15 müňden başlanýandygyny aýdýar.

"Býujetiň hasabyna ýokary bilim aljak dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberi 300 müň manatdan başlanýar. Bu görnüşde okuwa ýerleşen dalaşgärlere her aý talyp haky tölenýär. Bu usul bilen okuwa giren ýaşlar ýokary bilim ojagyny tamamlaýança, döwletiň berýän talyp hakynyň hasabyna, beren parasynyň üçden iki bölegini yzyna gaýtaryp alyp bilýärler" diýip, ýagdaýdan habarly lebaply ene anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň we ene-atalaryň tassyklamagyna görä, ÝOJ-larda şertnama esasynda bilim aljak dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberi 150 müň manatdan başlanýar. Ýöne olara talyp haky berilmeýär we olar umumy ýaşaýyş jaýyndan hem peýdalanyp bilmeýärler.

"150 müň manat ýurduň Merkezi Bankynyň alyş-çalyş kursunda $42800, gara bazaryň nyrhynda $7500 barabardyr. Bu görnüşde okuwa kabul edilen dalaşgärler her ýylda okuw tölegini hem tölemeli bolýarlar" diýip, lebaply ene paranyň möçberiniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny hem aýtdy.

Ilat köpçüligine hödürlenen soňky resmi sanlary nazara alanymyzda, ýurtda her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany 80 müň çemesi bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sany 25 müň töwereginde bolýar. Bu sanlar göz öňünde tutulanda, ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.

Habarçymyz bu ýagdaýlaryň, şol sanda ýokary möçberdäki para-berimiň daşary ýurtlara okamaga gitmek isleýän raýatlaryň göz-görtele köpelmegine getirendigini aýdýar.

"Ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, bu parany berip biljek maşgalalaryň sany juda çäkli. Şol sebäpli şu günler haýsy ene-ata bilen gepleşseň, çagasyny daşary ýurda okamaga ibermäge taýýarlyk görýändigini aýdýar. Sebäbi bu usul ene-atalara arzan düşýär. Olar daşary ýurtlarda okajak çagalarynyň okuwy üçin tölegleri we çykdajylary her ýyl bölek-bölek çykarýarlar" diýip, habarçymyz belledi.

Bu aralykda, lebaply ene-atalaryň käbiri sebit ýaşlary üçin Özbegistanyň ÝOJ-larynda bilim almak mümkinçiliginiň heniz-de dikeldilmändigini aýdýar. Olar bu mümkinçiligiň pandemiýa döwründe ýatyrylandygyny belleýärler.

"Ýüzlerçe ene-ata bu mümkinçiligiň gaýtadan dikeldilmegine garaşýar. Sebäbi sebit ýaşlarynyň goňşy ýurtda bilim almagy has amatly bolýar. Az pul çykdajy edilýär. Gidip-gelmek aňsat bolýar. Şeýle-de, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň köp ýaşaýjysynyň dil we medeniýetiniň meňzeş bolmagy hem, muňa goşant goşýar" diýip, lebaply ene aýtdy.

Azatlyk ÝOJ-lar üçin soralýan para-berim, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň Özbegistanda bilim almak mümkinçilikleri boýunça ýurduň Bilim ministrliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda adatça ÝOJ-lara we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmek kampaniýasy resmi derejede iýulyň ortalarynda başlanyp, awgustyň ahyryna çenli dowam edýär.

Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Muňa garamazdan, habarçylarymyz we türkmenistanlylar ÝOJ-lara girmek üçin dalaşgärlerden para alynýandygyny ýyllarboýy aýdyp gelýärler.

Habarçylarymyz ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, ÝOJ-lara girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň möçberiniň 100 müň dollara çenli baryp ýetýändigi barada soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdiler.

Köp ene-ata bu parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar.

Azatlyk mundan ozal Türkmenistanyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän mekdeplerinde, orta hünär mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda ýa-da haýsydyr bir edara-kärhana işe kabul edilmekde we beýleki ugurlarda giň ýaýran para-peşgeş barada onlarça gezek habar berdi.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär. "Transparency International” guramasynyň şu ýylyň ýanwarynda çap eden soňky indeksinde Türkmenistan dünýäde we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň pes baha alanlaryň biri bolup, oňa 19 bal berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG