Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Synçy: Metbugatdaky senzura adamlaryň 'dilini açýar'


Türkmen mediasy diňe saýlanyp alnan, 'owadan' adamlary görkezýär.
Türkmen mediasy diňe saýlanyp alnan, 'owadan' adamlary görkezýär.

Aşgabatly synçy türkmenistanlylaryň arasynda geçen asyryň 80-90-njy ýyllaryndaky durmuş, ýaşaýyş şertlerine bolan nostalgiýanyň, küýsemek duýgularynyň barha kän göze ilýändigini habar berýär. Ol bu ýagdaýy ýurduň üzňelik syýasaty bilen baglanyşdyrýar we, geçen asyryň soňky iki onýyllygyna degişli wideolaryň, fotosuratlaryň sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda gysga wagt içinde giňden paýlaşylyp, gyzykly pikir alyşmalara sebäp bolýandygyny aýdýar.

Sosial media ýazgylarynyň käbirinde şol döwürlerde ýaşan adamlar öz ýaşlygyny ýatlasa, beýlekilerinde ýaşlar, häzir 18-25 ýaşlaryndaky ýigitler we gyzlar öňki döwrüň wideoşekillerini görüp, "bäh, türkmenler öň modern ekeni!", "…öňler sowremennyja geýner ekenler", "öňki türkmenler öz pikirini erkin aýdyp bilýän eken" ýaly ýazgylary galdyrýar diýip, synçy ýazýar.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý barada pikirlerini sorap, Aşgabatda we sebitlerde birnäçe hünärmene ýüz tutdy. Aşgabatdaky sazçylyk mekdepleriniň birinde mugallymçylyk edýän zenanyň tassyklamagyna görä, häzir aýdym-saza, sungata berlen çagalaryň arasynda mundan 30-40 ýyl öňki bagşylar, olaryň repertuary, hususan-da zenan aýdymçylaryň geýen geýim-eşikleri uly gyzyklanma döredýär.

"Meniň okuwçylarym, hususan-da gyzlar, şol döwürlerdäki aýdymçy gyzlaryň repertuaryny, daş keşbini häzirki talaplar bilen deňeşdirýärler. Aýdymçy gelin-gyzlaryň döwrebap, ýubkaly, moda görä biçilen köýneklerde, saçlaryny dürli hili priçoska edip, sahna çykyp bilşi we olaryň çykyşlarynyň türkmen telewideniýesinde görkezilmegi olar üçin geň bolup görünýär” diýip, aşgabatly saz mugallymy aýtdy.

Ol okuwçylara Jemal Saparowa, Leýla Şadurdyýewa ýaly aýdymçylaryň 90-njy ýyllaryň başynda efire berlen halk aýdymlaryny diňledende, esasy soragyň olaryň ýaşlygynda geýen ýewropa biçüwli köýnekleri, ýubkalary, saç priçoskalary barada bolandygyny, cagalaryň “çyndanam şonuň ýaly geýinmäge rugsat bererdilermi?" diýip, gözlerine ynanman sorandygyny gürrüň berdi.

Bu meselede pikirini aýdan başga bir ýaşaýjy türkmen režiminiň “uzaga çeken ählumumy üzňelik syýasatynyň” diňe bir ýönekeý raýatlarda däl, sowet döwründe ýetişen ýolbaşçylarda hem notalgiýa döredýändigini aýtdy. “Uly Berdimuhamedowyň sowet döwründe döredilen "Karakum" aýdymyny aýtmagy, onuň türkmen sowet aýdymçysy Myrat Sadykowyň "Мой Ашхабад" aýdymyny diňleýşiniň türkmen telewideniýesinde görkezilmegi şol nostalgiýadan habar berýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň tassyklamagyna görä, diňe bir uly ýaşly adamlaryň arasynda däl, eýsem, ýaşlaryň arasynda hem 80-90-njy ýyllara bolan nostalgiýa duýgularynyň güýçlenmegine türkmen telewideniýesindäki “gözgyny ýagdaý” hem öz goşandygyny goşýar.

Häzirki telewideniýäni üýtgedip gurmak ýyllaryndaky, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndaky telewideniiýe bilen deňeşdirmek mümkin däl, sebäbi o döwürde durmuşa ýakyn satira we ýumor gepleşikleri, dokumental filmler, reportažlar, ýiti sosial we ykdysady problemalary gozgaýan çeper filmler efire berilýärdi. Elbetde, 90-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan 2007-nji ýyla çenli telewideniýe ‘tankytdan’ saplandy we dolulygyna Nyýazowyň şahsyýet kultuny wasp etmek guralyna öwrüldi. Emma geň ýeri, hatda şol ýyllarda hem türkmen telewideniýesinde neşekeşlik, günä geçişlik ýaly temalardan gepleşik berilýärdi.

Berdimuhamedowlar döwründe diňe tankydy pikirlere däl, Nyýäzow döwründäki propaganda wideolarynda görkezilen ýaglyksyz, has erkin ýaşan gelin-gyzlary görkezýän şekiller hem senzura düşdi diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.

Şol bir wagtda, synçy Berdimuhamedowlaryň 2024-nji ýyly maşgala bolup garşy alşyny görkezýän wideoýazga salgylanyp, beýleki aýal-gyzlara girizilen gadaganlyklaryň birinji maşgala degişli edilmeýändigini, munuň beýleki adamlarda köp sorag döredýändigini belleýär.

Daşoguzly bir medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, döwlet propagandasy ýaşlary resmi döwlet telewideniýesi bilen saklap bolmajagyna göz ýetirip, soňky ýyllarda döwlete sadyk we režimi öwýän bloggerleri, bagşylary goldap, şolaryň kömegi bilen ýaşlary gözegçilikde saklamaga synanyşýar.

"Sosial torlaryň berk petik astynda bolmagyna garamazdan, döwlete ýakyn bloggerler, bagşylar öz wideolaryny arkaýyn çykaryp bilýärler. Olar öz wideolarynda, aýdymlarynda ýaşlara ýakyn geýimleri geýýärler, gerek ýerinde käbir sosial problemalary ýaňzydan bolýarlar” diýip, medeniýet işgäri indi döwlet propagandasynyň başgarak görnüşe geçirilýändigini öňe sürdi.

Türkmenabatly pensioner, ozalky žurnalist ýaşuly adamlaryň häzirki düzgüniň düýbüni tutan Saparmyrat Nyýazowy, onuň döwlet emeldarlaryna azgyrylyp geçiren ýygnaklaryny hem nostalgiýa bilen ýatlaýandyklaryny, Berdimuhamedowlar döwründäki dymyşlygyň adamlary barha kän sosial ulgamlarda pikir alyşmaga itekleýändigini, bu ýagdaýyň, belki-de, şu nukdaý nazardan gowy bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG