Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebitlerde öýjükli aragatnaşygyň hili ýaramazlaşýar, Internetiň tizligi pes bolmagynda galýar


"Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň bir şahamçasy.
"Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň bir şahamçasy.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde mobil aragatnaşygyň hili ýaramazlaşýar. Ýurduň ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileri Internet tizliginiň örän peselmegi, öz hasaplaryndan pul serişdeleriniň öz-özünden, esassyz egsilmegi, telefon jaňlarynyň duýdansyz kesilmegi ýaly problemalary başdan geçirýärler. Kärhananyň goldaw gullugy arz-şikaýatlary öz wagtynda kanagatlandyryp bilmeýär.

“Men çarşenbe güni hiç kime, hiç ýere jaň etmedim, hiç hili SMS goýberdim. Ýöne hiç zat ýok ýerden “Altyn Asyr” hasabymdan pul egsilipdir. Goldaw gullugyna jaň etsem, maňa hasabymdaky pulumy özümiň sarp edendigimi aýtdylar we muňa hiç hili subutnama hödürläp bilmediler” diýip, efirde adynyň Alma diýlip tutulmagyny soran Saýat etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda mobil aragatnaşyk ulgamynyň hili boýunça ýerli ýaşaýjylaryň seslendirýän arz-şikaýatlary barada habar berýärler.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary esasan telefon jaňlarynyň duýdansyz kesilmegi, telefon söhbetdeşligine başga sesleriň gatyşmagy, ýa-da aragatnaşygyň elýetersiz bolmagy ýaly problemalardan şikaýat edýärler. Müşderiler kä halatlarda özleriniň ýakynlaryna we kärdeşlerine jaň edip, düşüp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Her gezek jaň etjek bolanymda, arabaglanyşyk ýitýär. Gepleşigiň arasynda jaňlar kesilýär ýa-da asla jaň edip bolmaýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, efirde ady Miwe diýlip tutulýan Saýat etrabynyň beýleki bir ýaşaýjysy aýtdy.

Lebaply abonentler “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasyna şikaýat bildirip, düşündiriş almaga çalyşýarlar.

Kärhananyň goldaw gullugyna, ýagny müşderi hyzmatlary bölümine edilýän telefon jaňlary köplenç jogapsyz galýar.

“Bir sagada golaý kömek gullugyna jaň edip, düşüp bilmedim” diýip, üçünji bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Mobil aragatnaşygy bilen bagly şeýle problemalar ýurduň beýleki welaýatlarynda hem dowam edýär.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky çeşmeleri soňky birnäçe hepde bäri, sebitiň Tagtabazar, Ýolöten, Türkmengala we Baýramaly etraplarynda mobil internetiň hatda 3G ulgamynyň hem elýetersiz bolup, ýerli ilatyň diňe 2G signalyndan peýdalanyp bilýändigini aýdýarlar.

Daşoguz welaýatyndaky çeşmelerimiz bu sebitde hem 3G ulgamynyň kadaly işlemeýändigini, welaýatyň çetki etraplarynda töleg terminallarynyň işiniň, şeýle-de dükanlarda we ofislerde Internet arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň togtadylandygy aýdýarlar.

Türkmen metbugatyna görä, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy öz müşderilerine 4G ulgamlaryny hödürleýändigini, ýakyn wagtda 5G ulgamlaryny hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny aýdýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan sebit ýaşaýjylary ilatly ýerlerde diňe 2G ulgamynyň elýeterli bolandygyny aýdýarlar.

Aragatnaşyk meseleleri ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna, şol sanda telekeçileriň söwda işlerine-de ýaramaz täsir edýär.

“Biziň telekeçilerimiz üçin durnukly aragatnaşyk möhümdir. Birnäçe gün bäri hyzmatdaşlarym bilen habarlaşyp bilmedim, hasabymdaky pullar ýitýär. Seýrek duş gelinýän üstünlikli jaňlarda, gapdaldan, söhbetdeşlige päsgel berýän käbir sesleri eşidýärin. Goldaw gullugy hiç zat düşündirmeýär” diýip, efirde ady Jepbar diýlip tutulýan lebaply telekeçi aýtdy.

Çärjew etrabynyň bir ýaşaýjysy ýaňy-ýakynda ýarawsyzlyk sebäpli, lukmana jaň etmäge çalyşýar. Ýöne onuň bu synanyşygy başga hili netije berýär.

“Men lukmana jaň etjek boldum, ýöne başga bir adama düşdüm. Bu ilkinji gezek däl!” diýip, ol aýdýar we dogry telefon belgisini aýlandygyny belläp, sözüniň üstüni ýetirýär.

Şol bir wagtda, sebitleriň ýaşaýjylary “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän Internet hyzmatlarynyň hili boýunça-da arz-şikaýatlaryny beýan edýärler.

Dänew etrabynyň bir ýaşaýjysy, 20 ýaşlaryndaky Döwlet bu barada şeýle gürrüň berýär:

“Internetiň tizligi gündizlerine şeýle bir peselýär welin, hatda hökümet saýtlaryna-da girip bolmaýar, VPN-ler ýa-da petiklenen messenjerler barada gürrüň edip oturmagyň hem hajaty ýok. Soňky wagtlarda, indi, Internetiň tizligi gijelerine-de pese gaçyp başlady... Birnäçe ýüz manada satyn alynýan ulgamlar uzakly gije bar-ýogy 2-3 gezek, iň köp bolanda 15-20 minutlap işleýär, galan wagtlarda ulgama çykyp bolmaýar”

Özleriniň söwda işlerinde töleg terminallaryndan, beýleki Internet hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlar, şeýle-de daşary ýurtlarda ýaşaýan dogan-garyndaşlary bilen gatnaşyk saklaýan adamlar dowam edýän aragatnaşyk problemalaryndan has köp ejir çekýärler.

Dänewli Döwletiň sözlerine görä, bular bilen bir hatarda şu günler daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna resminama taýýarlaýan raýatlar, okuw işlerini Internet arkaly ýerine ýetirýän ýaşlar hem aragatnaşyk problemalarynyň pidasy bolýarlar.

“Häzirki wagtda ýurduň içindäki we daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryna taýýarlanýan, öz resminamalaryny okuw jaýlaryna sanly ulgam arkaly iberýän ýaşlaryň sany köpeldi, emma Internet bökdençlikleri olaryň ýolunda böwet döredýär. Dükanlarda, töleg terminallarynda we ofislerde Wi-Fi hyzmatynyň haýal işlemegi ýa-da düýbünden togtap galmagy hem ykdysady taýdan uly zyýanlara getirýär. Bulardan başga-da, ýüz müňlerçe adamyň ýakynlary we hossarlary daşary ýurtlarda zähmet çekýärler, ýa-da ýokary bilim alýarlar, olar hem Internet kynçylyklary sebäpli, görşüp, gürleşip bilmeýärler” diýip, dänewli Döwlet aýtdy.

Sebitleriň ýaşaýjylary aragatnaşyk meseleleri boýunça bar bolan problemalaryň çözülmeýändigini, arz-şikaýatlarynyň diňlenilmeýändigini aýdýarlar.

"Bu ýagdaýdan çykalga tapmak örän kyn, baran ýerimiz böwet, hiç bir aragatnaşyk edarasynda arzymyz diňlenenok" diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli efirde ady Jemile diýlip tutulýan daşoguzly bir student enesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýeke-täk öýjükli aragatnaşyk kärhanasy, “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bar. Bu kärhana mobil aragatnaşygy ulgamynda çäksiz monopoliýadan peýdalanýar.

Azatlyk Radiosy ýurtda dowam edýän aragatnaşyk meseleleri boýunça “Altyn Asyr” mobil operatoryndan hem-de “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasyndan teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri hususan-da ýurduň durmuş-ykdysady, bank-maliýe we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylýandygyny, ençeme pudaklara sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny habar berýär. Ýöne Internet bilen işleýän sanly ulgamlar halkara toruň ýok ýerinde aňsat işläp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG